Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Çaga zähmeti üçin tankyt edilýän Türkmenistan, çagalaryň hukuklary boýunça çäre planyny tassyklady

0
Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek babatynda halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan borçnamalary berjaý edýändigini kanun taýdan görkezýän çäre görýär. Döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, bu, prezidentiň gol çeken Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça milli hereket meýilnamasynyň maksatlaryndan biridir. Şol bir wagtyň özünde, çaga zähmetiniň, şol sanda pagta önümçiliginde ulanylmagy üçin tankyt edilýän Türkmenistan, çagalaryň hukuklaryny berjaý etmek babatynda kanun bozulmalaryň bardygyny ykrar etmeýär.


2023-2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça milli hereket meýilnamasy çagalaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň döwlet tarapyndan berjaý edilmegini göz öňünde tutýar.


TDH döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, bu resminama syýasy- jemgyýetçilik, ykdysady, milli we medeni ugurlarda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga, sosial we ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyrmak üçin şertleri döretmäge gönükdirilipdir. Milli hereket meýilnamasy, şeýle hem bilimiň hilini ýokarlandyrmagy, çagalaryň hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi we olaryň bu hukuklardan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döretmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek babatynda halkara şertnamalaryndaky borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezýär.




Çagalary goramak boýunça meýilnamasynyň kabul edilmegi, ýurtda çaga zähmetiniň, şol sanda döwlet derejesinde-de ulanylmagyň fonunda bolup geçýär.


Hökümet çagalary goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny yglan etse-de, ýurtda ençeme ýyl bäri çagalar oba hojalygy işlerine mugt iş güýji hökmünde yzygiderli çekilýär, şeýle hem dürli dabaralar sebäpli däp bolan köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýar. Ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky şeýle wakalar tas günde bolup geçýär.


Mundan başga-da, barha agyrlaşýan sosial-ykdysady kynçylyklar zerarly çagalar gazanç etmäge mejbur bolýar. Ýurt häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary hem boýun almaýar.


Çaga zähmetiniň ulanylyşy tomusda has-da göze ilýär. Şäherlerde dynç alyş möwsüminde çagalar awtoulag ýuwulýan ýerlerde we bazarlarda zähmet çekýärler, köçelerde geçýän awtoulaglaryň penjirelerini ýuwýarlar we öýme-öý aýlanyp hem haryt satýarlar. Oba ýerlerinde çagalar mal bakýarlar we ekin meýdanlarynda işleýärler. Köpüsi maşgalalaryna kömek etmäge mejbur bolýarlar.


Soňky ýyllarda çagalaryň zibil dörüp, plastik, karton ýaly gaýtadan ulanylýan serişdeleri ýygnaýandyklary has köp göze ilýär. Şeýle hem çagalar dilegçilik edýär, şol sanda şeýdip, okuw esbaplary üçin pul toplaýar.


Häzirki wagtda çagalar pul gazanmagyň täze usullaryny oýlap tapýarlar. Hususan-da, olar welaýatlary baglanyşdyrýan uly awtoulag ýollaryna çykýarlar, geçip barýan awtoulag sürüjilerinden we ýük awtoulag sürüjilerinden suw we iýmit soraýarlar.




Maý aýynda Azatlygyň habarçysy Mary-Türkmenabat ýolunda dilegçilik edýän çagalar, şeýle hem daş, gum daşap ýollardaky çukurlary doldurýan ýetginjekler barada habar beripdi. "Her kim şol çagalara 5-10 manat berip gidýär. Käbirler olara içimlik suw, süýji, köke berýärler. Awtoulaglaryň birinden sürüji içimlik suwuny zyňyp gitdi, şol çaga yzyndan ylgap baryp, suwly gaby ýerden göterip aldy" diýip, bolup geçýän wakalara şaýat bolan çeşmelerden biri aýtdy.


Türkmenistanyň kanunçylygy çaga zähmetini we mejbury zähmeti ulanmagy gadagan edýär. Emma Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriň, şeýle hem halkara adam hukuklary guramalarynyň maglumatlaryna görä, türkmen hökümeti ençeme ýyl bäri öz kanunlaryny bozup, çagalaryň we mejbury zähmeti ulanýar.




Çaga zähmeti häkimiýetler tarapyndan ýurduň oba hojalygynda giňden ulanylýar. Mekdep okuwçylarynyň, şol sanda syrkaw çagalaryň pagta ýygyma guramaçylykly tertipde çekilmegine degişli ýagdaýlaryň ençemesi mälim boldy. 2021-nji ýylyň güýzünde, Azatlygyň habarçylary Ahal welaýatynda Bäherdene barýan ýolunyň ugrundaky pagta meýdanlarynda köpsanly çaganyň pagta ýygandygy barada habar beripdi. Şeýle hadysalarynyň birinde pagta meýdanlarynda işledilen çagalaryň arasynda üsgürýän we asgyrýan çagalar hem bolupdy. Emma hassalygyna garamazdan, olar ekin meýdanlarynda işlemäge mejbur edilipdi. Çagalaryň sowuk we ýagyşly howada pagta ýygmaga mejbur edilen şol pursady, döwlet baştutanynyň pagta ýygymyň depgininiň pesliginden nägile bolup, pagtany tiz ýygnamagy talap etmeginiň yzýanyna gabat gelipdi.


2020-nji ýylda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş lagerinde oba hojalygy işlerine çekilendigi köpçülige mälim boldy. Lebap welaýatynyň Darganata etrabynda, tomus lagerinde dynç almak üçin hersi 300 manat (85,7 dollar) tölän mekdep okuwçylary pagta meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak we kartoşka çöplemek üçin äkidildi.


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda çagalaryň we mejbury zähmetiň ulanylýandygyny boýun almaýarlar, habarlara we tankytlara resmi jogap bermeýärler.


Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net