Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Türkmenabadyň aglaba sebitinde ýarym günläp tok bolmady, söwdagärler zyýana galdy

0
Türkmenistanda dowam edýän jokrama yssyda sowadyjy enjamlara bolan zerurlygyň aşa artmagy bilen, iri şäherlerde elektrik üpjünçiliginiň durnuklylygy gowşaýar.


Şu hepdäniň başynda Lebabyň dolandyryş merkezi Türkmenabadyň aglaba sebitinde tas ýarym günläp elektrik togy bolmady.


Howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusdan geçýän bu günlerinde, toguň ençeme sagatlap bolmazlygy adaty raýatlar bilen birlikde, telekeçilere hem oňaýsyzlyklary döredýär.


19-njy iýunda Türkmenabadyň esasy elektrik transformatorlarynyň birdenkä üçüsi sandan çykdy. Munuň netijesinde, şäheriň ençeme etraby, şol sanda golaýda abatlanyp ulanmaga berlen iri bazary hem toksuz galdy.


“Elektrik togy sekiz sagat töweregi bolmady. Bu ýagdaý has köp täze ulanmaga berlen Merkezi bazaryň söwdagärlerine ýaramaz täsir ýetirdi. Doňduryjylaryň, sowadyjylaryň işlemezligi sebäpli, çalt zaýalanýan harytlaryň, şol sanda azyklaryň belli bir bölegi isrip boldy” diýip, ýerli söwdagärleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.


Türkmen häkimiýetleri tomus paslynda ýylyň-ýylyna gaýtalanýan tok bökdençlikleri, bularyň ýaşaýjylara ýetirýän täsirleri barada adatça bolşy ýaly dymýarlar. Ýöne ýerli hünärmenler iri şäherleriň elektrik ulgamlarynyň eýýäm könelişendigini, olaryň yssy howada artan talaba döz gelip bilmän ýygy-ýygydan sandan çykýandygyny belleýärler.




“Türkmenabadyň transformatorlarynyň tas ählisi entek sowetler döwründe, mundan 30-40 ýyl ozal ornaşdyryldy. Olaryň köpüsiniň ulanyş möhleti hem tamamlandy. Eger-de düýpli abatlaýyş işleri geçirilmese, täze enjamlar oturdylmasa, bu ýagdaýlar hem tomus, hem-de aýazly gyş aýlarynda dowam eder durar. Sebäbi häzir her hojalykdaky, dükanlardaky elektrik abzallarynyň sany we görnüşi dowamly artýar, emma sebitiň elektrik ulgamynyň kuwwaty muňa laýyk özgerdilmeýär” diýip, ýerli elektrik hünärmenleriň biri habarçymyza gürrüň berdi.


Ol ýerli tok edarasynyň gerekli ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmeýändigini hem sözüne goşdy. Bu ýagdaýlarda ussalar çem gelen serişdeler, şol sanda mis simleri bilen sandan çykan transformatorlara gysga wagtlyk çözgüt tapmaga synanyşýarlar.


Şäheriň elektrik üpjünçiligi bar bolan sebitlerinde hem, toguň kuwwaty enjamlary kadaly işletmäge ýetmeýär. Muňa çykalga hökmünde, gurby çatýan ýaşaýjylar 3-4 müň manada durýan tok sazlaýjyny satyn alýarlar.


Türkmen hökümetiniň maslahatlarynda, ýokarky meseleler barada kelam agyz söz aýdylman, munuň deregine ýurtda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada gürrüň edilýär. Türkmenistanyň elektrik eksporty geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirende 30% ýokarlanypdyr.




Howa maglumaty boýunça resmi we halkara hasabatlarynda bu günler Türkmenistanyň dürli künjeklerinde howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusdan geçýändigini synlasa bolýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net