Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Daşary ýurtlarda ýokary bilim alan ýaşlar ne iş tapyp bilýär, ne-de diplomlaryny tassykladyp bilýär

0
Türkmenistanda daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan ýaşlaryň diplomlaryny ykrar etdirmegi we iş üpjünçiligi bilen bagly problemalar saklanyp galýar.


“Belarus döwletinde ýokary bilim alan oglum iki ýyl ozal Türkmenistana dolandy. Ol iki ýyl bäri, ne diplomyny tassykladyp bilýär, ne-de iş tapyp bilýär” diýip, Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir ýalňyz ene aýdýar.


Ol birnäçe ýyl mundan ozal, heniz ýanýoldaşy aýatda diri wagty, ýeke-täk ogluny ýokary bilim almak üçin Belarus döwletine ugradypdyr. Olar Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlaryna kabul edilmek üçin dalaşgärlerden köp mukdarda para soralýandygy sebäpli, Belarus döwletinde ýerleşýän bir ýokary okuw jaýyny öz maşgala býujetine laýyk hasaplapdyrlar.


Ogul daşary ýurtda mahaly, onuň kakasy aradan çykýar, ene ýalňyz galýar.


Şeýlelikde, ýalňyz ene ogly ýokary okuwyny tamamlan badyna, onuň ýurda dolanmagyny, gözüniň alnynda bolmagyny özüniň haýyş edendigini aýdýar, häzir bolsa, bu haýyşyna puşman edýär.




“Kakasy dünýeden ötensoň, ýeke galyp, oglumy öýermek üçin, özüm ony çagyryp getirdim. Ol öýe dolananda gaty begenipdim” diýip, ýalňyz ene gürrüň berýär.


Enäniň begenji uzaga çekmeýär. Ol hojalykdaky mal-garalaryny, mellek ýerlerini satyp, oglunyň daşary ýurt diplomyny tassyklatmaga çalyşýar. Aslynda, diplom tassyklatmak üçin resmi taýdan onça pul soralmaýar, ýöne ýalňyz ene, diplom ykrar etdirmek üçin, özlerinden para soralandygyny gürrüň berýär.


Diplomat ykrar etdirmek meselesinde maşgala bilen döwlet bilim edaralarynyň arasynda bir araçy peýda bolýar. Ol bu işde ýardam wada berýär we eneli ogluň 4 müň dollar möçberinde puluny alyp, sähel salym soň ýitirim bolýar.


“Biz bir hilekeşe sataşdyk. Ol oglumyň diplomyny tassyklatmaga kömek etjek diýip, 4 müň amerikan dollarymyz aldy. Soň, iş bitirmän gaçyp gezdi” diýip, ýalňyz ene gürrüň berýär.


Ol oglunyň diplomsyz we işsiz galmagynda özüni günäkär duýýandygyny aýdýar. “Özüm çagyryp getirdim” diýýär.


“Indi, oglum iş hem tapanok, diplomam tassykladylanok, ony oýerip hem bilemok. Ogluma ýagşylyk isläp, ýamanlyk eden ýaly boldum” diýip, ýalňyz ene derdinýär.


“Men gelmeli däldim” diýip, ogul puşman edýär.


Türkmenistanda ilatyň iş üpjünçiligi onsuz hem uly problema bolmagynda galýar. Diňe bir daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlary däl, eýsem, ýerli ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlar hem, ýokary ýa-da orta hünär mekdebini tamamlamadyk raýatlar hem işsizlikden kösenýär.




Daşary ýurt uniwersitetleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek meselesi Türkmenistanyň daşynda bilim alan müňlerçe türkmen raýaty üçin birnäçe ýyl bäri agyr mesele bolmagynda galýar. Azatlyk Türkiýäniň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň we Russiýanyň ÝOJ-laryny tamamlan türkmenleriň Türkmenistanda öz diplomlaryny ykrar etdirip bilmeýändigi barada ençeme gezek maglumat berdi.


Bu mesele, 2019-njy ýylyň martynda Türkmenistan daşary ýurt bilimini ykrar etmegiň täze düzgünini girizip, ýurtda ykrar edilýän ÝOJ-laryň sanawynda görkezilen daşary ýurt uniwersitetleriniň sanyny ep-esli azaltmagynyň yz ýanynda has-da güýçlendi. Şonda ýurduň Bilim ministrligi daşary ýurt uniwersitetleri tarapyndan berlen 146 ugur boýunça diplomlaryň ykrar edilmejegini yglan etdi. 2023-nji ýylyň ýanwarynda bu sanaw täzelendi.


Şu ýylyň martynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa sebitinde bilim boýunça resminamalary ykrar etmek hakynda buýruga gol çekdi.


2023-nji ýylyň ýanwarynda türkmen metbugaty Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläniň öwrenilýändigini habar berdi. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde öz çäginde daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň şahamçalarynyň açylmagyna rugsat bermeýän ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.


Soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen raýatlary daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda bilim almaga barha kän ýykgyn edýärler. Muňa, habarçylarymyzyň aýtmagyna görä, Türkmenistanda bilimiň hiliniň pes bolmagy bilen bir hatarda korrupsiýanyň derejesiniň ýokary bolmagy, studentleriň ýyl boýy dürli çärelere çekilmegi sebäp bolýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net