Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Balkan: Býujet işgärleri yssy howada köpçülikleýin tigirli ýörişlere çekildi

0
Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli 3-nji iýunda Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýatlarda köpçülikleýin tigir ýörişleri geçirildi. Balkan welaýatynda yssy howada geçirilen mejbury ýörişleriň dowamynda onlarça adamyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşdy. Paýtagtda geçirilen çärelere prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň Awaza etrabynda we Türkmenbaşy şäherinde 3-nji iýun güni irden sagat 7:00-dan öýlän sagat 14:00-a çenli  geçirilen tigirli ýörişlere býujet işgärleriniň mejbury çekilendigini we çäräniň dowamynda onlarça adamyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp, Tiz kömek ulaglarynda Türkmenbaşy hassahanasyna daşalandyklaryny habar berýär.


Şeýle-de, Bütindünýä welosiped güni hazarýaka şäherde ir sagat 7:00-dan öýlän sagat 15:00-a çenli ýeňil awtoulaglaryň hereketi çäklendirildi.


“Adamlara awtoulag sürmek gadagan edildi” diýip, balkanly bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.




3-nji iýunda Balkanabatda howanyň temperaturasy +42 gradus, Türkmenbaşyda bolsa +33 gradus töwereklerinde hasaba alyndy.


Ýöne yssy howa garamazdan, býujet işgärleri köpçülikleýin tigir ýörişlerine gatnaşmaga mejbur boldy. Çäreleriň dowamynda döwlet telewideniýesi üçin, wideo reportažlar taýýarlandy.


Döwlet telewideniýesine görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni möhüm sene mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin tigir ýörişleriniň öňüni çekdi.


Paýtagtda müňlerçe adam Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýygnanyp, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen şäher merkezine çenli tigir sürdüler.


Balkan welaýatynda geçirilen köpçülikleýin tigirli ýörişlere müňlerçe raýat, şol sanda býujet işgärleri we talyp ýaşlar çekildi.


“Çärä gatnaşmaýan býujet işgärleri iş ýerlerine welosiped bilen barmaly edildi” diýip, bir býujet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy birnäçe ýyl mundan ozal Türkmenistanyň teklibi bilen her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä Welosiped güni hökmünde yglan etdi.


Türkmen hökümeti ýurtda her ýyl azyndan iki gezek, Bütindünýä saglyk gününde we Bütindünýä Welosiped gününde, köpçülikleýin tigir ýörişlerini geçirip, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň we sportuň wagyz edilýändigini, mejbury çäreleriň ilat arasynda giň goldaw tapýandygyny aýdýar. Şeýle-de, bu çäreleriň dowamynda “awtoulagsyz hereketiň” wagyz edilip, daşky gurşawa aýawly çemeleşmek babatda halk arasynda habarlylyk kampaniýalarynyň alnyp barylýandygy aýdylýar.




Soňky ýyllarda Türkmenistanda tigir sürmeklik döwlet derejesinde giňden wagyz edildi, býujet işgärleri welosiped satyn almaga mejbur edildi.


Ýöne ýerli synçylar Türkmenistanda welosipediň döwlet mediasynda aýdylşy ýaly meşhur däldigini, şu wagta çenli welosport ugry boýunça halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türkmenistanlynyň ýokdugyny aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan balkanly ýaşaýjylar 3-nji iýunyň Türkmenistanyň teklibi bilen BMG tarapyndan Welosiped güni yglan edilmegini gutlamak we wagyz etmek üçin, bu senäni Türkmenistanyň hökümetiniň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň delili hökmünde görkezmek üçin, ýurt raýatlarynyň tigirli ýörişlere çekilýändigini aýdýarlar.   


“3-nji iýunda Balkanabatda +42 gradus, Türkmenbaşyda +33 gradus yssy howa hasaba alyndy. Howa dymyk we şemalsyz boldy. Çärelere çekilýän adamlaryň arasynda saglyk ýagdaýy ýaramazlaşan adamlar boldy. Çärä gatnaşýan adamlaryň arasynda huşundan gidip, ýykylan adamlar boldy. Ýöne emeldarlar üçin bu möhüm däl, emeldarlar üçin çäre geçirmek möhüm” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net