Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июнь
2023

Türkmenistanyň günbataryna çekirtge çozdy, häkimiýetler zyýankeşlere garşy göreşýär

0
Oba hojalygy üçin zyýanly çekirtgeler şu günler Balkan welaýatynda ýaýrady. Ýerli häkimiýetler mör-möjeklere garşy göreşmek üçin himiki serişdeleri ýerüsti hem awtoulaglardan, hem-de uçarlar bilen howadan pürkýärler.


Balkan welaýatynyň birnäçe etrabynda ýaýran köp sanly çekirtgeler ekinlere zyýan ýetirdi. Bereket we Magtymguly etraplarynda baglar, şeýle hem bugdaý we pagta ekinleri weýran boldy.


Sebitde oba hojalygynyň edaralary "Oba hyzmat" we "Türkmenhimiýa" himiki serişdeleri ulanyp, mör-möjeklere garşy giňişleýin göreş çärelere başlady. Himiki serişdeler howadan uçarlar we ýerde traktorlar bilen sepilýär. Emma bu işlere gatnaşýan işgärler, alnyp barylýan çäreleriň mör-möjekleri zyýansyzlandyrmak üçin ýeterlik däldigini aýdýarlar.




Adynyň agzalmazlygyny sorap, anonim gürleşen ýerli agronom Azatlyga şeýle diýdi: "Tehnika we himiki serişdeler ýetmezçilik edýär. Gysga wagtyň içinde uzak aralygy söküp geçmäge ukyply zyýanly mör-möjekler eýýäm ep-esli ekinleri ýok etdi. Daýhanlar köp zyýan çekýärler".


Habarçylaryň maglumatlaryna görä, ýurduň günorta tarapyndan, Eýrandan gelýän çekirtgeleriň köpüsi geçen anna güni peýda bolupdyr. Mör-möjekler ýerli daýhan birleşikleriniň ekinlerini iýip ýok edýär.


Sebitiň ýolbaşçylary zyýanly mör-möjekleriň çozmagy we oba hojalygyna ýetirilen zyýanynyň mukdary barada resmi düşündiriş bermediler. Anonim gürlän ýerli bilermenler bolsa, ýeten zyýana baha berip, ekinleriň dörtden bir böleginiň ýok edilendigini aýtdylar.


Birnäçe ýyl ozal Türkmenistan we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary soňky ýigrimi ýyl döwründe çekirtgeleriň iň güýçli epidemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, 2020-nji ýylyň maý aýynda diňe Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda çekirtgeler 35 000 gektardan gowrak meýdanda ekilen bugdaýy, tüwini we beýleki ekinleri iýip zaýalapdy.


Ondan bir ýyl öň çekirtgeler Aşgabada hem çözupdy. Habarçylar 2019-njy ýylyň maý aýynda paýtagtda mör-möjekleriň, şol sanda çekirtgeleriň we kebelekleriň anomal köplügi barada habar beripdiler.


Bilermenler tutuş Merkezi Aziýa üçin mahsus bolan şol hadysanyň, aşa güýçli ýagyş sebäpli çyglylygyň ýokarlanmagy bilen ýüze çykandygyny aýtdylar.




Mör-möjekleriň köpelmegi üçin amatly howa şertleri, ýokary çyglylyk çekirtgeleriň ýaýramagyna sebäp boldy. Çekirtgeleriň ummasyz mukdary Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň çäklerine ýaýrady.


Çekirtgeler, ýol ugrundaky ösümlikleri iýip, ekinleri ýok edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy (FAO) çekirtgeleri "ösümlikleriň ähli görnüşleri bilen iýmitlenip bilýän iň doýmaz mör-möjeklerden biri" diýip häsiýetlendirýär.


Şeýle hem, bu maglumata görä, bary-ýogy bir inedördül kilometr meýdanda "bir gündizde 40 million töweregi çekirtge ýerleşdirip bilýär we 35 000 adamyň iýip bilýän iýmitini iýmäge ukyply" bolup bilýär. Çekirtge günde 150 kilometre çenli uzaklyga uçup bilýär we ömrüniň dowamynda köpelmek üçin amatly şertleri gözläp iki müň kilometre çenli arany geçip bilýär.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net