Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2023

Orta mekdepleriň uçurymlary dessine harby gulluga çagyrylyp başlandy

0
Şu günler Lebap welaýatynda orta mekdepleriň uçurymlary harby gulluga çagyrylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy maýda sebitden maglumat berdi.


Harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsüminiň dowamynda 18 ýaşyny doldurýan ähli erkek raýatlar gulluk borjuny ýerine ýetirmäge çagyrylýarlar.


Türkmenistanda 18 ýaşdan 27 ýaşa çenli bolan erkek raýatlar üçin ýylda iki gezek, 1-nji aprel – 31-njy iýun aralygynda, hem-de 1-nji oktýabr – 31-nji dekabr aralygynda, harby gulluga çagyryş möwsümi yglan edilýär.


“30-njy iýuna çenli 18 ýaşyny doldurýan raýatlar hem harby gulluga çagyrylýar” diýip, bir lebaply ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Gulluga alnyp gidilýän raýatlar harby wekillikleriň saglyk komissiýalarynyň barlagyndan geçirilýärler.


“Mysal üçin, 29-njy iýunda 18 ýaşyny doldurýan raýat, 18 ýaşyny dolduran gününiň ertesi, 30-njy iýunda gulluga çagyrylýar” diýip, lebaply ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.




Bu aralykda, harby wekillikler orta mekdeplerden uçurym bolup, ýokary okuw jaýlaryna synanyşmakçy bolýan ýaş ýigitleriň arzalaryny kabul etmeýär.


Maglumat üçin aýdylsa, 2022-nji ýylyň noýabrynda “Harby borçlylyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizilip, ýokary okuw jaýlarynyň synaglaryna gatnaşmakçy bolýan mekdep uçurymlaryna harby gullugy bir ýyl möhlet bilen yza süýşürmäge rugsat berildi.


Goşmaçalara laýyklykda, "Umumybilim edaralaryny we ýörite bilim edaralaryny tamamlan ýylynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirenlere" harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge mümkinçilik berilýär.


Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolýan lebaply ýaşaýjylar ýokary bilim edaralarynyň synaglaryna gatnaşmaga isleg bildirýän mekdep uçurymlarynyň arzalarynyň kabul edilmeýändigini aýdýarlar.


“Ýokary okuw jaýlaryna girmegi planlaşdyrýan oglanlar harby gullugyň möhletini yza süýşürip bilmeýärler” diýip, lebaply ýaşaýjy aýdýar.


Daşary ýurtlarda bilim almaga isleg bildirýän ýaşlar, hökmany suratda, ýokary bilim edarasyndan çakylyk hatyny alyp, şol hatyň originalyny harby wekilliklerdäki ýörite topara görkezmeli, elektron görnüşinde iberilen çakylyk hatlarynyň göçürmeleri harby wekillikler tarapyndan kabul edilmeýär.


“Käbir ene-atalar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndan çakylyk hatlarynyň elektron görnüşini alyp, şol hatlaryň göçürmelerini harby wekilliklere görkezýärler. Ýöne harby wekillikler elektron hatlaryň göçürme nusgalaryny kabul etmeýär” diýip, bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Ýerli ýokary okuw jaýlaryna synanyşmagy meýilleşdirýän ýaş ýigitler harby wekilliklere arza ýazýarlar.


“Ýöne harby wekillikdäki serkerdeler raýatlaryň arzalaryny kabul etmeýär” diýip, lebaply ene-atalar aýdýarlar.




Lebaply ýaşaýjylara görä, Türkmenistanda harby gullugyň möhletini yza süýşürmäge degişli öňden gelýän ýazylmadyk düzgünler, para-peşgeş edil öňküleri ýaly dowam etdirilýär.


“Ene-atalar öz çagalaryny harby gullukdan bir möwsüm alyp galmak üçin, harby gullugyň möhletini bir möwsüm yza süýşürmek üçin para berýärler. Paranyň möçberi 500-1000 dollar aralygynda üýtgeýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýtdy.


Türkmenistanda orta mekdeplerden uçurym bolýan ýaşlar heniz gutardyş synaglaryny hem doly tamamlamady, ýöne muňa garamazdan harby gulluga çakylyk hatlaryny kabul edýärler.


Azatlyk Radiosy mekdep uçurymlarynyň gyssagly harby gulluga çagyrylmagy bilen bagly ýagdaýlar boýunça Lebap welaýatynyň Harby komissarlygyndan hiç hili komentariý alyp bilmedi.


Türkmenistanda 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin harby gulluk hökmany bolup, raýatlara alternatiw gulluk mümkinçilikleri hödürlenmeýär.


Türkmen goşuny ýyllarboýy dürli problemalardan, şol sanda ýaramaz üpjünçilik, dedowşina we parahorlyk ýaly meselelerden ejir çekýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net