Baýden defoltdan sowulmak üçin respublikanlar bilen ylalaşyga geldi
Kongres gazanylan ylalaşygy indiki hepdä çenli kanuny taýdan resmileşdirmeli bolar. Eger-de ylalaşyk gazanylmadyk bolsa, hünärmenleriň pikiriçe, ABŞ bütin dünýäniň ykdysadyýetine täsir edip biljek defolt bilen ýüzbe-ýüz bolardy.
Federal ätiýaçlyk bankynyň başlygy federal gaznadaky pullaryň 5-nji iýuna çenli gutaryp biljekdigini duýdurypdy.
Baýdeniň sözlerine görä, bu ýerde "her kimiň öz islän zadyny alyp bilmeýän" ylalaşygy barada gürrüň edilýär. Şol bir wagtyň özünde prezident ylalaşygyň "heläkçilikli defoltyň öňüni aljakdygyny" boýun aldy.
Makkarti baglaşylan ylalaşygy "uly ýeňiş" diýip atlandyrdy.
Wekiller öýüne gözegçilik edýän respublikanlar döwlet bersginiň çäginiň ýokarlandyrylmagyny tassyklamagyň deregine býujet çykdajylaryny düýpli azaltmagy talap etdiler.
