Gazak aktiwisti kazyýetiň kararyny bozandygy üçin bäş gün möhlet bilen tussag edildi
Kazyýet bu hökümi Ilýaşewiň hasaba alynmadyk bir toparyň ýygnanyşygyna gatnaşmagyndan üç gün soň, 4-nji maýda çykardy.
Ilýaşowa 2020-nji ýylyň iýunynda ýalan maglumatlary ýaýratmakda günä bildirilip, üç ýylyň dowamynda köpçülik çärelerine gatnaşmak gadagan edildi. Ol bu karary syýasy matlaply diýip, ret etdi.
