Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2023

Sowuk howada ekinleri zaýalanan maryly daýhanlar ekişe täzeden girişýär

0
Şu hepdäniň başynda Mary welaýatynyň käbir sebitlerinde howa sowap, howanyň temperaturasy gijelerine nol gradusa çenli aşaklady. Aşa yssydan soň gelen sowuk howa Garagum etrabynda gök-bakja ekinlerine zyýan ýetirdi. Ýerli daýhanlar şu günler goşmaça serişde sarp edip, ekişe täzeden girişmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.


Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bilen söhbetdeş bolan daýhanlaryň we ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi sowuk uran ekinleriň arasynda pomidor, baklajan, bolgar burçy ýaly gök önüm ekilen meýdanlaryň bardygyny aýtdy.


"Howa diýseň gyzdy diýip, biz şitil alyp, ekerançylyk ýerlerimize gök-bakja ekinlerini, şol sanda pomidor ekdik. Şitillerimiz özüni tutup, gögermäge başlady we biz şu ýyl oturdan şitillerimizden bol hasyl alarys diýip umyt etdik. Ýöne şu hepdäniň başynda, iki-üç günüň dowamynda howanyň gijelerine aşa sowamagy ekinlerimize uly zarba urdy. Ähli ekinleriň ýapraklary saralyp, gurap başlady. Adamlaryň eden azabynyň bary puç boldy" diýip, garagumly bir daýhan anonimlik şertinde aýtdy.




Ýatlatsak, geçen hepdäniň ortalarynda Türkmenistanyň dürli sebitlerine, şol sanda Mara aprel aýyna mahsus bolmadyk, aşa yssy howa aralaşyp, howanyň temperaturasy +40 gradusdan aşypdy.


Ýöne 18-nji aprelde howa maglumatlaryny çap edýän "Meteožurnal" neşiri Türkmenistanda rekord derejelere ýeten yssy howadan soň, rekord derejelere ýetýän sowuk howanyň aralaşandygyny habar berdi. Şonda neşir Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda howanyň temperaturasynyň 0,4 gradusa çenli aşaklandygyny aýtdy.


Marydaky habarçymyz aşa yssy howadan soň gelen sowukda zaýalanan gök-bakja ekinleriniň tutýan meýdanynyň onlarça gektara barabardygyny, daýhanlaryň çeken maddy zyýanynyň müňlerçe manada çenli ýetýändigini belleýär.


"Şitilleriň bir gutusy 10 manat bolup, her joýa azyndan 8 guty şitil oturtdyk. Bizde bolsa, 30-dan gowrak joýa bolup, bular üçin 3 müň manatdan gowrak pul sarp etdik. Indi howanyň ýene gyzyp başlamagy bilen, gaýtadan şitil satyn alyp, hemme zady täzeden ekýäris" diýip, daýhan belledi.


Howanyň birden sowap, ekinleriň zaýa bolmagy, bazarlarda şitilleriň, ýagny ýaşajyk gök ekin nahallarynyň bahasyna hem täsir ýetirip, onuň birden 50 göterim gymmatlamagyna getirdi.


"Baýramaly etrabynyň bazarynda şitilleriň sany azaldy, ýöne hyrydary köpeldi. Netijede, onuň bahasy bir-iki günüň dowamynda 10 manatdan 15 manada ýokarlandy" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.




Daýhanlaryň we agronomlaryň käbirleri şitilleriň bahasynyň ýene gymmatlamagynyň mümkindigini we munuň bu ýyl gök-bakja önümleriniň, hususan-da, pomidoryň bahasynyň ýokarlanmagyna hem getirip biljekdigini çaklaýarlar.


Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy hem, sebite gelen adaty bolmadyk sowuk howanyň gök önümleriň, şol sanda ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän hasyla zyýan ýetirendigini habar berdi. Şonda habarçy howanyň temperaturasynyň gijelerine -5 gradusa çenli aşaklandygyny hem aýdypdy.


Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri howanyň duýdansyz üýtgemeginden, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan, güýçli tozanly ýellerden, ýagyş-ýagmyrdan we gurakçylykdan ejir çekýär. Bu tebigy faktorlar beýlekiler bilen bir hatarda, oba hojalyk ekinlerine ýiti zyýan ýetirip, daýhanlaryň uly maddy zyýan çekmegine getirýär.


Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösdürilýändigini we daýhanlaryň ýerden bol hasyl almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar. Ýöne häkimiýetler tebigy faktorlaryň bu pudaga we daýhanlara ýetirýän zyýany barada hiç zat aýtmaýarlar. Şeýle-de, ýurt resmileri we döwlet mediasy ýurtda boljak anomal howa hadysalary barada hem, ilata ne öňünden, ne-de yz ýanyndan aç-açan maglumat berýär.


Bellesek, howa maglumatlaryny çap edýän "Weather.com" web sahypasyna görä, 21-nji aprelde Mary welaýatynda howanyň temperaturasynyň gündiz 29, gije 15 gradus bolmagyna garaşylýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net