Gazak polisiýasy saýlaw netijelerini sorag astyna alan ýygnanyşyk sebäpli iki oppozisioneri tussag etdi
Taýžan we Ahmedýarow sosial ulgamlarda polisiýanyň özlerini 12-nji aprelde, köpçülikleýin ýygnanyşyklary geçirmek düzgünlerini bozmakda aýyplap tussag edendigini aýtdylar. Almatydaky kazyýet günääli diýip tapanyndan soň, Taýžan 15 gün azatlykdan mahrum edildi.
Ahmedýarowyň hökümi entek çykarylanok. Taýžan we Ahmedýarow 9-njy aprelde öz şäherlerinde rugsat berilmedik ýygnanyşyklara gatnaşyp, täze parlament saýlawlarynyň geçirilmegini talap etdiler.
Olaryň ikisi hem 19-njy martda geçirilen ses berişlige garaşsyz kandidat hökmünde gatnaşmakçy boldy, ýöne bu başa barmady.
Saýlawlarda dolandyryjy partiýa, “Amanat” parlament orunlarynyň köplügine eýe boldy, garaşsyz kandidatlaryň köpüsi saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny öňe sürdi.
