Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2023

Hökümetçi neşirleriň Türkmenistanda Internetiň tizliginiň artdyryljakdygy baradaky habary elýetersiz boldy

0
Internet azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleriniň 1-nji fewraldan başlap ýurtdaky Internetiň tizligini artdyrýandygy, şeýle-de bu hyzmatyň bahasyny arzanladýandygy habar berildi.


31-nji ýanwarda ýarym-resmi türkmen neşirlerinde peýda bolan maglumatda 1 mbit/s tizlikli internetiň aýlyk töleginiň 150 manat boljakdygy (ozal 170 manatdy), 2 mbit/s tizlikli internetiň hem aýlyk töleginiň 200 däl-de, 180 manada çenli arzanladyljakdygy habar berildi.


Maglumatda ulanyjylara 4 mbit/s we 6 mbit/s tizlikdäki Internetiň hem elýeterli boljakdygy aýdyldy. Häzire çenli ýurtda hödürlenýän Internetiň iň ýokary tizligi 2 mbit/s-a deňdi.


Emma bu barada maglumat ýerleşdirilen azyndan iki hökümetçi neşirinde 1-nji fewralda bu habar düşündirişsiz elýetersiz boldy. Ýurduň ýeke-täk Internet prowaýderiniň saýtynda hem ozalky nyrhlar saklanyp galýar. Azatlygyň Türkmentelekomdan mümkin üýtgeşmeler barada maglumat almak synanyşy netije bermedi . Ýerli edaralar ulanjylara bu üýtgeşmeler barada habarlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.




Netijede dünýäde iň haýal we iň gymmat Internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýan Türkmenistanyň bu ýagdaýlary üýtgetmek planlarynyň durmuşa geçip-geçmejekdigi aýdyň däl.


Şol bir wagtda, ýerli hünärmenler bu aýdylýanlar amala aşsa-da, munuň diňe ‘kagyz ýüzünde boljakdygyny’, aslyýetinde ozalky ýagdaýlaryň saklanyp galjakdygyny çaklaýarlar.


“Ozal aýlyk 200 manada hödürlenen 2 mbit/s diýilýän Internetiň tizligi hem asylýetinde 500 kbit/s-dan pesdi. Ýerli telekom işgärleri Internetiň tizligini iş ýüzünde ýokarlandyrmagyň bu golaýda göz öňünde tutulmaýandygyny aýdýarlar” diýip, ýagdaýlary öwrenen balkanly habarçymyz gürrüň berdi.


Ol 1-nji fewralda Türkmentelekomyň ýerli edaralarynda ozalky nyrhlaryň saklanyp galmagy bilen birlikde, ulanyjylary “Belet” wideo-güýmenje platformasynyň tarifini hem satyn almaga mejbur edip başlandyklaryny anyklady.


“Bu hyzmatyň aýlyk tölegi 30 manat. Interneti ulanmagy dowam etdirjek bolsaň, bu hyzmata hem hökman ýazylaýmaly. Emma ýerli hünärmenler bu tilsimiň ulanyjynyň has köp şahsy maglumatlaryny soraýandygyny, şeýle-de ol arkaly abzaldaky amal edilýän işlere gözegçilik edip bolýandygyny duýdurýarlar" diýip, habarçymyz belledi.




Interneti çäklendirmek we ulanyjylara gözegçilik etmek üçin millionlarça dollar kiberhowpsuzlyk enjamlaryny sargandygy anyklanan türkmen häkimiýetlerinden ýokarky aýdylýanlar boýunça kommentariýa almak başartmaýar.


Emma mundan ozal käbir garaşsyz türkmen neşirlerinde hem häkimiýetleriň ýurtdaky bar bolan habarlaşmak tilsimlerini elýetersiz edip, onuň deregine ýerli messenjeri ulanmaga iterýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy. Şol pursat, turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, ‘Start’ messenjeriniň ulanyjynyň has köp şahsy maglumatlaryny toplaýandygyna ünsi çekdi.


Türkmenistanda häkimiýetler ilatyň Internet arkaly garaşsyz maglumatlary almak mümkinçiliklerini ýyllarboýy çäklendirip gelýärler, şeýle-de internet böwetlerinden geçmek üçin ulanylýan VPN hyzmatlaryny yzygiderli petikleýärler.


Türkmenistan interneti petikleýändigini resmi derejede boýun almaýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net