Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Türkmenistan diplomlaryny ykrar etjek daşary ýurt ÝOJ-larynyň sanawyny tassyklady

0
Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek daşary ýurt uniwersitetleriniň täze sanawy tassyklandy, oňa dünýäniň 1500-den gowrak ýokary okuw jaýy girýär diýip, “Türkmenportal” ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek okuw jaýlarynyň doly sanawy Bilim ministrliginiň web sahypasynda çap edilipdir, onuň başyny Angliýada, ABŞ-da ýerleşýän abraýly ÝOJ-lar çekýär.


2023-nji ýyl üçin saýlanan uniwersitetleriň sanawy dünýädäki iň abraýly üç uniwersitetiň («Times Higher Education World University Rankings», «Academic Ranking of World Universities» we «QS World University Rankings») hasabatlaryna esaslanýar diýip, habarda bellenýär.


Türkmen studentleriniň barha kän daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda bilim almaga ýykgyn etmegi Türkmenistanda yglan edilen bilim özgertmeleriniň garaşylýan netijeleri bermezligi, bilimiň hiliniň pes bolmagy bilen bir hatarda korrupsiýanyň derejesiniň ýokary bolmagy, studentleriň ýyl boýy dürli çärelere çekilmegi bilen baglanyşykly hasaplanýar.


Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, maliýe, manat we daşary ýurt walýutalary bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlar ene-atalaryň daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna wagtynda pul ibermeklerinde päsgelçilik döredýär. Bu ýagdaýlar türkmen studentleriniň käte gurluşyklarda, kyn işlerde işläp, heläkçilige uçramagyna, başga çylşyrymly ýagdaýlara düşmegine hem alyp gelýär.


Türkmenistanda daşary ýurtlarda alnan diplomlaryň resmi taýdan ykrar edilmegi bilen bagly döredilýändigi aýdylýan emeli kynçylyklar, şeýle-de dünýäniň abraýly okuw jaýlarynda gowy bilim alan zehinli, dogruçyl ýaşlaryň öz ýurtlarynda işe ýerleşmekde, işlemekde çekýän kynçylyklary soňky onýyllyklarda ýüzlerçe beýniniň göc etmegine sebäp boldy diýip, synçylar aýdýar.


Türkmenistanda işe ýerleşmegiň öňünde durýan esasy kynçylygyň korrupsiýa, giň ýaýrandygy aýdylýan parahorlyk bilen baglydygy aýdylýar.






 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net