Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Türkmenabadyň Arkadag köçesi gyzgalaňly ýowar meýdanyna öwrüldi 

0
Türkmenabat şäheri prezidentiň saparyna taýýarlyk görýär. Serdar Berdymuhamedowyň gündogar welaýata barjagy barada resmi maglumat berilmedik hem bolsa, ýerli häkimiýetler ilatyň gatnaşmagynda ýowar gurnap, şäheri timarlamak, bezemek bilen meşgullanýarlar.


Ýowara gatnaşýan adamlara aýdylyşyna görä, prezidentiň Lebaba 20-ji we 30-njy ýanwar aralygynda gelmegine garaşylýar. Şu sebäpden Türkmenabadyň aeroportdan gaýdýan köçe we onuň töwerekleri timarlanýar. Bu barada Azatlygyň habarçysy 12-nji ýawrada şeýle maglumat berdi: "Prezidentiň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrjagy barada aýdylandan soň Türkmenabadyň halkara aeroportundan gaýdýan Arkadag köçesiniň ugrunda ýaňy-ýakynda 40 ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplumynda güçli depginde iş alnyp barylýar".


Habarçy edilmeli esasy işleriň binalary daşdan synlanda kämil bolmagyna degişldidigini aýdýar.


"Şol Arkadag koçeden geçip barýarka, jaýlaryň ähli äpişkelerinde hökman tuty bolmaly. Häzir tapan zatlaryny berkidip goýdular" diýip habarçy aýdýar.




Bu köpgatly jaýlar dekabrda Bitaraplyk baýramyna gawatlap, dabaraly ýagdaýda açylypdy. Habarçylar jaýlaryň gyssagara entek doly taýyn bolmanka ulanylyşa berlendigini aýdýarlar. Jaýlaryň içi çala reňklenip, pes hilli materiallar bilen oňaryldy, lagym üpçinçiligi işlemeýär. Şu sebäpli täze jaýa diňe sanlyja hojalyk göçüp barypdyr. Habarçy 40 jaýdaky 1200 kwartirdan diňe 20 jaýda adamlaryň ýaşaýandygyny aýdyp, olar jaýlardaky esasy oňaýlyklar bomazdan, kösenýändigini, şeýle-de jaýlaryň daşynda oçak goýmak, tapdyr gurmagyň gadagandygyny, adamlaryň köpgatly jaýdan 500 metr uzaklyga, gumlyk ýere gazan goterip şol ýerde ot ýakýandygyny belledi.


Türkmenabatdaky habarçylaryň ýene biri, aeroportuň ugrundaky bu ýaşaýyş tomplumynda jaý alan eýelerine gyssagly duýduryş edilendigini habar berdi. Olardan tizden-tize aýnany daşyndan ýapýan zalýuzi ýagny, demir saýawan oturtmak talap edilipdir.


"Žalýuzi goýdurmaly diýip buýruk geldi, hemme hojalyklary telefondan edip çagyrdylar. Bu gural öňem gymmatdy, her aýna 1 000 manatdan düşýär, indi bu habardan soň ony satýan dükanlar birden bahalary tas iki ese gymmatlatdylar. Balkon üçin bu perde 5 müň manada düşýär. Öý dolandyryş edarasy gyssagly oturtmaly diýip, 10 gün möhlet berdi" diýip, habarçymyz aýdýar.


Türkmenabadyň Arkadag köçesi mydama häkimiýetleriň üns merkezine düşýär. Aýratynam prezidentiň saparynyň öňýany aeroportdan gaýdýan bu köçe arassalanýar, ýuwulýar, gum basan ýerlere çagyl daşlar düşelýär. Ýol ugurndaky ähli zatlar, yşyklandyryş sütünleriniň çyralaryna çenli esgi bilen ýuwulýar.




Türkmenistanyň prezindentiniň welaýatlara wagtal-wagtal edýän saparlary barada öňünden resmi habar berilmeýär. Adatça saparyň boljagy görülýän taýýarlyklardan belli bolýar. Bu barada ýöwarlara sürülýän býujet işgärlerine aýdylýar. Döwlet baştutanynyň barjak ýerleri taýýarlanýar. Binalar reňklenýär, bejerilýär, gazonlar timarlanýar, gerek bolsa olara emeli reňk berilýär, köçelerdäki itler tutulyp, ýok edilýär, ekin meýdanlarynda haşal otlar goýarylýar, gumuň içinde emeli çopan goşlary taýýarlanýar.


Şeýle taýýarlyklar aýyň başyndan bäri Balkan welaýatynda hem görüldi. Türkmenbaşy şäherinde häkimligiň we edara-kärhanalaryň işgärleri Täze ýyl baýramçylygynda berlen resmi dynç günlerinde köçeleri arassalan bolsalar, Türkmenbaşyda we Awazada howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi, gumuň içinde we deňiz kenarynda taýýarlyklar görüldi.


Bu işleriň prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sebite sapary bilen baglydygy aýdyldy. Şeýle-de, döwlet baştutanynyň gumda we deňizde gezelenç etmegine garaşylýandygy aýdylyp, çölde çopan goşy, ak öý, sazakdan dikilen goýun ýataklary we çaý gaýnatmak, nahar bişirmek üçin ojaklar taýýarlanyp goýuldy. Sahnalaşdyrylan çäreler üçin weterinar gözegçiliginden geçen arassa we semiz goýun-geçiler hem saýlanyp alyndy. Balkanyň medeniýet öýlerinden çopan, balykçy we nebitçi rollaryny oýnar ýaly aktýorlar saýlandy. Bu barada Azatlyk Raidosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylary maglumat berdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net