Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Lebapda täze doglan çagalaryndan ýüz öwürýän ene-atalar köpelýär

0
Lebap welaýatynyň çaga dogrulýan hassahanalarynda ene-atalaryň täze doglan çagalaryndan ýüz öwürmegi bilen bagly wakalar köpelýär. Muňa Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, maşgalalaryň garyp düşmegi we zürýatlaryny ekläp bilmezligi sebäp bolýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.


Habarçy şeýle wakalaryň biri barada jikme-jik gürrüň berip, munuň geçen aýda Türkmenabat şäheriniň çaga dogrulýan hassahanasynda bolandygyny, şonda bäşinji çagasyny dünýä indiren bir enäniň öz çagasyndan ýüz öwrendigini aýtdy.


"Bu zenan Çärjew etrabynyň bir obasynyň ýaşaýjysy bolup, ol çagasyny dünýä indiren badyna ondan ýüz öwürdi. Ol saglyk işgärlerine özüniň dört çagasynyň bardygyny, adamysynyň özünden aýrylşandygyny we bäbegi islemeýändigini, özüniň belli bir girdejisiniň ýokdugyny, ýaşaýan jaýlarynyň hem özleriniňki däldigini, şol sebäpli çagany eklemäne güýjüniň ýokdugyny gürrüň berdi" diýip, agzalýan hassahananyň bir saglyk işgäri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.




Azatlykda bu aýalyň şahsyýetini we ýaşaýan ýerini anyklaşdyrýan maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.


Saglyk işgäri çagasy bolmaýan bir enäniň täze doglan bäbegi perzentlige almak üçin arza tabşyrandygyny, ýöne bu işiň ençeme aýa, käte birnäçe ýyla çekip bilýändigini belläp, heniz soňlanmandygyny hem aýtdy.


Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda çagalary eklemek we terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilendigini aýdyp, maşgalalary köp çagaly bolmaga höweslendirýärler. Sekiz we ondan köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlarynyň sowgat berilýändigi aýdylýar. Şeýle-de, ýaňy doglan çaga üç ýaşyna ýetýänçä, döwlet tarapyndan onuň ene-atasynda her aýda 250 manat çemesi kömek puly berilýär. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan eneler kömek pulunyň çaganyň bir aýlyk arlyk zerurlyklaryna hem ýetmeýändigini aýdýarlar.


Lebabyň saglyk pudagyndaky çeşmelerimiz sebitde ene-atalaryň täze doglan çagalaryndan ýüz öwürmegi bilen bagly ýagdaýlaryň her aýda birnäçe gezek ýüze çykýandygyny belleýärler.


"Muňa köplenç ýurtdaky işsizlik sebäpli maşgalalaryň aşa garyp düşmegi, olaryň aýlyk gazançlarynyň ýaşaýyş zerurlyklaryndan has az bolmagy sebäp bolýar. Beýleki tarapdan, muňa häkimiýetleriň zenanlaryň çagaly bolup-bolmazlyk hukugyny çäklendirmegi, islenilmeýän göwreliligi aýyrmak üçin rugsat berilýän möhletiň logika gabat gelmeýän derejede pese düşürilmegi hem sebäp bolýar" diýip, çeşmämiz belledi.


2022-nji ýylyň 17-nji martynda güýje giren kanuna laýyklykda, islenilmeýän göwreliligi aýyrmak üçin rugsat berilýän möhlet 12 hepdeden bäş hepdä düşdi. Bu bir aýalyň aýbaşysynyň gijikmegi sebäpli özünde çaga galandygyny çaklap, eger aýyrtjak bolsa, bäş hepdelige golaý çagasyny birnäçe gün içinde düşürtmelidigini, şondan gijikse, onuň kanuny bozýandygyny aňladýar.




Çeşmämiz çagany kanuny esasda perzentlige almak işleri barada hem maglumat berdi. Ol maşgalalaryň zerur resminamalary bolsa-da, köp wagtlap, käte aýlap, käte-de ýyllap garaşmaly bolýandygyny aýdýar. Şeýle-de, ol maşgalalaryň munuň üçin azyndan 2 müň amerikan dollary möçberinde çykdajy etmeli bolýandygyny belleýär.


Azatlyk bu aýdylanlar barada agzalýan hassahanadan, sebitiň saglyk bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.


Mundan öň Azatlyk ýetimler öýlerinden çagany perzentlige almak isleýänleriň köp wagtlap garaşmaly bolýandygy, şeýle-de ýurduň çaga dogrulýan öýlerinde täze doglan çagalaryň kanun taýdan resmileşdirilmezden üçünji taraplara para-peşgeş esasynda perzentlige berilmegi bilen bagly ýagdaýlar barada habar beripdi.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ene-atalaryň ýaňy doglan çagalaryndan ýüz öwürmegi ýaly wakalar barada habar bermeýärler. Ýurtdaky ýetim çagalaryň sany barada hem resmi maglumat ýok.


Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady krizis ýurtdaky köp çaganyň durmuşyna hem täsir etdi. Soňky ýyllarda Azatlyk ýurtda çagalaryň zir-zibil dörmäge, dileçilik etmäge, käte-de ogurlyk etmäge mejbur bolýandygy barada ençeme maglumat taýýarlady.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net