Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2023

Täze ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenabatda ençeme öýe ogry girdi

0
Täze ýylyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary ogurlyk hadysalarynyň ençemesi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Şäheriň dürli sebitinde bolan bu hadysalarda ýaşaýjylaryň howlularyndaky iri şahly mallary, goýun we geçileri, öýlerindäki elektrik enjamlary ogurlandy.


"1-3-nji ýanwar aralygynda Türkmenabatda ogurlyk hadysalary köp boldy. Ogurlar esasan hususy eýeçilikdäki howly jaýlara girip, ilatyň goş-golamlaryny we mallaryny alyp gitdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 6-njy ýanwarda gürrüň berdi.


Ýagdaýdan habarly polisiýadaky bir çeşmäniň aýtmagyna görä, 1-nji ýanwarda Çärjew etrabyndaky bir ýaşaýjynyň howlusyndaky iri şahly maly ogurlandy.




Şol güni Dostluk etrapçasyndaky bir ýaşaýyş jaýyndan bolsa, telewizor, elektrik öý süpürijisi we elektrik energiýasynyň güýjüni köpeltmek üçin niýetlenen enjam ogurlandy.


"1-nji ýanwarda Türkmenabatda, Amy derýanyň çep kenarynda ýerleşýän daçalaryň üç sanysyna hem ogry girip, ogrular jaýlardaky öý goşlaryny alyp gidipdirler" diýip, çeşmämiz aýtdy.


Öýlerine ogry giren köp ýaşaýjy şäheriň polisiýa bölümine arza ýazmaga barandygyny, ýöne özleriniň arz-şikaýatlarynyň kabul edilmändigini aýdýar.


"Biz bu meseläni çözmeýäris. Häzir şonsuz hem işimiz kän. Biz baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüni berjaý edilşine seredelimi ýa-da siziň öýüňizi goralymy? Baryň gidiň, biz arza alamyzok diýip, polisiýa işgärleri zyýan çeken ýaşaýjylary kowup goýberýärler" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Şol bir wagtda, ýaşaýjylar polisiýa işgärlerine 2 we 3 müň manat aralygynda para beren raýatlaryň arzalarynyň kabul edilýändigini hem-de olaryň işleriniň derňelýändigini hem belleýärler.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa alyp bilmedi.


Soňky birnäçe ýyl bäri ýurduň dürli sebitlerinde ýygjamlaşýan ogurlyk we talaňçylyk ýaly jenaýat hadysalary barada yzygiderli habarlar gelip gowuşýar.




Azatlyk geçen ýylyň oktýabrynda Marynyň Baýramaly şäherinde çagalaryň arasynda ogurlyk hadysalarynyň köpelendigi, sentýabrda Balkanyň Türkmenbaşy şäherindäki gabrystanda mazar daşlarynyň we demir haýatlaryň ogurlanýandygy, awgustyň ahyrynda Marynyň Peşanaly geňeşliginde bolan pagta ogurlygy, iýun aýynda Lebabyň Darganata etrabynda bolan dizel ogurlygy, aprel aýynda Marynyň restoranlarynyň birinde bolan iýmit ogurlygy barada habar berdi.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýat hadysalarynyň ýokarlanmagyny ne tassyklaýar ne-de inkär edýär. Ministrlik jenaýat hadysalary baradaky maglumatlar boýunça halka hasabat hem bermeýär.


Bu aralykda, habarçylarymyz ogurlyk hadysalarynyň köpelmegine bir tarapdan ýurtdaky agyr ykdysady kynçylyklaryň, beýleki tarapdan polisiýanyň "geleňsizliginiň" sebäp bolýandygyny aýdýarlar.


"Häzirki wagtda polisiýa ýaşaýjylaryň arzalaryny kabul edip, olaryň üstünde işlemeýändigi üçin ogrular arkaýyn bolýarlar. Sebäbi olar jenaýat etseler-de, özleriniň jezasyz galjakdyklaryny bilýärler" diýip, Lebapdaky habarçy aýtdy.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net