Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Türkmenabatda köçe söwdagärleri täze bazaryň golaýyndan kowulýar

0
Lebabyň dolandyryş merkeziniň durky täzelenen iň iri bazarlarynyň biriniň açylyş dabarasyna uly taýýarlyk görülýärkä, häkimiýetler bu sebitde ozaldan bar bolan köne goş-golamlaryň söwda nokadyny dargadýar.


“Türkmenabadyň durky täzelenen 'Merkezi daýhan' bazarynyň 25-nji dekabrda açylmagyna garaşylýar. Munuň bilen bagly güýçli depginde arassaçylyk we bezeg işleri geçirilýär. Bularyň çäginde ilat arasynda ‘Gök bazar’ diýlip hem atlandyrylýan bu söwda nokadynyň golaýynda öz öý goşlaryny satuwa çykarýan raýatlar hem kowulýar” diýip, bu ýagdaýlara şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 22-nji dekabrda gürrüň berdi.


Ýurtdaky agyr ykdysady krizisiň arasynda soňky döwür, ýurduň beýleki künjeklerinde hem bolşy ýaly, Türkmenabatda-da ujypsyz nyrha hojalyk harytlaryny, şol sanda mobil telefonlaryny, egin-eşiklerini satuwa çykarýan adamalaryň sany göz-görtele artdy.


“Bu günler Täze ýyl baýramçylygyna nähilidir bolsa bir pul edinmegiň aladasynda bazara harytlaryny çykarýan raýatlar hasam köpeldi” diýip, söhbetdeşimiz nygtady.




Şol bir wagtda, häkimiýetler resmi ýagdaýda bazardan ýer satyn almadyk bu raýatlar üçin golaýdaky köpriniň aşagynda söwdasyny dowam etdirmeklerine rugsat berdiler.


“Bu köprüden geçýän ulaglaryň çaňy söwdagärleriň we olaryň harytlarynyň üstüne düşýär. Bu sebäpli dem almak hem kyn. Satyjylar başga bir ýere geçjek bolsalar, polisiýa dessine olary kowýar we diňe görkezilen ýerde söwdasyny dowam etdirip biljekdiklerini aýdýar” diýip, bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri bilen tanyş söhbetdeşimiz aýtdy.


Ýerli media bu dörän ýagdaý barada maglumat bermeýär. Azatlygyň şäher häkimliginden kommentariýa almak synanyşygy hem netijesiz tamamlandy.


Mundan öň, Azatlyk 'Merkezi daýhan' bazarynyň daşky tarapy we dükanlary ýykylmazdan ozal bu ýerde söwda eden telekeçilere soňy bilen ýeňillikleriň dörediljekdigi baradaky häkimiýetleriň wadalarynyň hem puja çykandygy barada habar beripdi.




Türkmen häkimiýetleri köçe sowdasynyň bikanundygyny, satyjylaryň ýörite rugsatnama we bazarlarda söwda tekjelerini almalydygyny aýdyp, köçede azyk önümleri satýanlara garşy gözegçiliklerini wagtal-wagtal güýçlendirýärler.


Şol bir wagtda, kiçi söwdagärler bazarlarda söwda etmek üçin rugsatnamany almagyň kyndygyny we söwda tekjeleriniň kireýiniň özleriniň maddy mümkinçiliginden aşa gymmatdygyny aýdýarlar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net