Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Býujet işgärlerine kafelerde we restoranlarda Täze ýyl üýşmeleňlerini geçirmek gadagan edilýär

0
Lebap welaýatynyň dürli sebitlerinde, şol sanda Türkmenabat şäherinde býujet işgärlerine Täze ýyl baýramynda kafelerde we restoranlarda üýşmeleňleri geçirmek gadagan edilýär. Şol bir wagtda, oba ýerlerinde polisiýa işgärleri baýramçylygyň dowamynda ýasama feýerwerkleriň ulanylmagyna garşy düşündiriş işlerini ýaýbaňlandyrýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.


“[Döwlete] degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän oturylyşyklary gadagan edýär. Kimde-kim restoranlara ýa-da kafelere baryp, baýramçylyk üýşmeleňlerini geçirse gaty görmesin, işden boşadylar diýip, duýduryş berdiler” diýip, bir lebaply býujet işgäri aýdýar.


Türkmenistanda býujet işgärleri döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin baýramçylyk çärelerine köplenç mejbury gatnaşdyrylýar. Ýöne, olara Täze ýyl baýramçylygynyň dowamynda öz başlangyçlary bilen guramalaşdyrýan baýramçylyk oturylyşyklaryny kafelerde we restoranlarda bellemäge rugsat berilmeýär.


“Baýramçylyk bellejek" diýip, maňa problema getirmäň! Baýramçylygy öýüňizde belläň!” diýip, bir býujet işgäri edara ýolbaşçysynyň aýdan sözlerini getirýär.




Türkmenistanda kärhanalarda, guramalarda we edaralarda Täze ýyl baýramy mynasybetli 1-nji ýanwarda işlenilmeýär. Täze ýylyň bosagasynda, 31-nji dekabr güni ýurduň sebit merkezlerinde dikilen Baş arçalaryň töwereginde döwlet gözegçiliginde baýramçylyk çäreleri geçirilýär.


Lebap welaýatynda býujet işgärleriniň kafelerde we restoranlarda Täze ýyl oturylyşygyny bellemegi bilen bagly çäklendirmeler ilkinji gezek girizilmeýär. Soňky iki ýylyň dowamynda ýurt boýunça jemgyýetçilik ýerleri, şol sanda kafeler we restoranlar pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda ýapyk galdy. Bu çäklendirmeler Türkmenistanda şu ýylyň mart-aprel aýlaryndan soňra, tapgyrlaýyn esasda gowşadyldy. Lebaply ýaşaýjylar pandemiýa döwründe hem býujet işgärleriniň köpçülikleýin baýramçylyk oturylyşyklaryny bellemek mümkinçilikleriniň bolmandygyny gürrüň berýärler.


“Kafeleriň we restoranlaryň pandemiýa döwründe, soňky iki ýyl bäri, ýapyk bolandygy sebäpli, býujet işgärleri onsuz hem Täze ýyl baýramçylygynda köpçülikleýin üýşmeleňleri geçirip bilmeýärdiler. Häzirki wagtda ähli kafeler we restoranlar açyk, ýöne edara ýolbaşçylary Täze ýyl oturylyşyklaryny gadagan edýär” diýip, býujet işgäri aýdýar.


Bu aralykda, Lebap welaýatynyň oba ýerlerinde polisiýa işgärleri, ýerli uçastkowoýlar oba mekdeplerine aýlanyp, Täze ýyl baýramynda berjaý edilmeli howpsuzlyk düzgünleri barada okuwçy ýaşlaryň arasynda gürrüňdeşlik işlerini batlandyrýarlar.


“Uçastkowoýlar oba mekdeplerine aýlanyp, ýygnaklary geçirýär we täze ýylda ot ýakan adamlara, ýasama salýut atýan adamlara jerime salynjakdygyny duýdurýar” diýip, ýygnaklardan habarly bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.


Türkmenistanda howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi bilen baglylykda ýasama feýerwerkleriň ulanylmazlygy baradaky düşündirişler ýetip gelýän baýramçylygyň öňüsyrasynda has-da güýçlendi.




Biraz öň, dekabryň ortalarynda polisiýa işgärleri Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde hem Täze ýyl baýramçylygynda berjaý edilmegi talap edilýän howpsuzlyk düzgünleri, şol sanda ýasama feýerwerkleriň ulanylmazlygy barada okuwçy ýaşlaryň arasynda ýygnaklary geçirdi.


Dekabryň başlarynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary polisiýa işgärleriniň ýurduň günbatar sebitinde, Türkmenbaşy şäherinde hem pirotehnikalary we ýasama partlaýjylary ulanmazlyk barada ýaş raýatlaryň arasynda gürrüňdeşlik işlerini geçirendiklerini habar berdi.


Ýatlasak, geçen ýyl Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Täze ýyl gijesi ýasama feýerwerkleriň ulanylmagy zerarly ýüze çykan heläkçilik adam ýitgilerine getiripdi.


Lebap welaýatynda polisiýanyň howpsuzlyk ýygnaklaryna gatnaşan raýatlar köçelerde we köp gatly jaýlaryň töwereginde ot ýakýan ýaşaýjylara hem jerime salynjakdygynyň aýdylandygyny gürrüň berýärler.


Türkmenistanda bellenip geçilýän baýramçylyklaryň we belli seneleriň öňüsyrasynda ýurt boýunça howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net