Eýran resmisi hijab düzgünini bozýanlara garşy täze jezalaryň maslahat edilýändigini aýtdy
Eýranyň parlamentiniň Medeniýet komissiýasynyň wekili Hossein Jalali täze plana görä ahlak polisiýasynyň hereketleriniň çäklendiriljekdigini we düzgüniň berjaý edilişini kepillendirmek üçin has gowşak çäreleriň ornaşdyryljakdygyny aýtdy.
“Hijaby geýmediklere, tekst habary görnüşinde, olaryň hijab düzgünini berjaý etmeýändigi we olaryň kanuna hormat goýmalydygy barada duýdurylyp bilnerdi” diýip, Jalali eýran mediasyna beren interwýusynda aýtdy.
Şol bir wagtda, ol iki duýduryşdan soň, gürrüňi gidýän şahsa garşy, onuň bank hasaplaryny doňdurmak ýaly jeza çäreleriniň görlüp bilinjekdigini hem sözüne goşdy.
