Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Dollaryň gara bazardaky nyrhy 10%-den aşa peseldi

0
Türkmen manadynyň amerikan dollaryna görä resmi hümmetini 7 ýyl bäri üýtgewsiz saklaýan ýurtda daşary ýurt pulunyň gara bazardaky nyrhy birden pese gaçdy. Dollaryň gara nyrhynyň 10%-dan gowrak aşaklamagy şu ýyl prezident wezipesinden çekilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.


Şu gün Aşgabatda dollaryň gara bazardaky bahasy 17 manada barabar. Bu nyrh resmi bolmadyk pul çalyşyk nokatlarynyň ählisinde, şol sanda "Berkarar" söwda merkezinde hem şeýle. 1000 dollardan köp mukdarly puly 17,5 manatdan satyn alýarlar. Lebapda dollaryň gara bazardaky nyrhy 16.2 manat. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Lebap welaýatyndaky habarçylary 1-nji noýabrda maglumat berdiler.


Lebapda dollaryň gara bazar nyrhynyň üýtgemegi dürli harytlaryň söwdasyna täsir ýetiripdir. Bu ýagdaýda söwdagärleriň ençemesi öz harytlaryny satmakdan saklanýarlar.




"Häzirki wagtda gara bazarda dollar arzanlady diýip, söwdagärler öz harytyny arzan satmaýarlar, sebäbi köpçülik bu adamlaryň elinden dollarlary almak üçin gara bazardaky oýundygyny çak edýär" diýip, ýerli söwdagärler bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.


Onuň sözlerine görä, harytlaryň arasynda daşary ýurtda öndürlen hojalyk tehnikasy, kompýuterler, telefonlar we awtoulaglar üçin ätiýaçlandyryş şaýlar bar.


Käbir ýagdaýlarda satyjylar bahasyny dollarda aýdýar we bu gara bazardaky nyrhdan artyk bolýar.


"Awtoşaýlary baryp satyn almakçy bolsaň, satyjylar öz öňündäki kompýuterine garaýar we bahasyny dollarda aýdýar. Olar dollary 19.40-dan hasaplaýar. Dollar gara bazarda düşdi diýseň, olar 'ýok, ony şu aradaky mejlisden soň wagtlaýyn düşürdiler diýip, aýdýarlar" diýip, habarçymyz aýdýar. Ol şu günler dollaryň 10 manada düşüriljegi barada hem il içinde gürrüňleriň köpdügini belleýär we resmi maglumatyň bolmadyk wagtynda käbir adamlaryň dollarlaryny satýandygyny belledi.


Iki gün ozal paýtagtda dollaryň gara bazardaky nyrhy 18 - 18,3 manat aralygyndady. Şonda 500 dollardan köp mukdarly daşary ýurt puly 19 manatdan satyn alynýardy.


Häkimiýetler dollaryň söwdasy bilen bagly soňky ýagdaýlar barada resmi düşündiriş bermediler.


Dollaryň hümmetiniň pese gaçmagy birnäçe gün ozal başlandy we Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.


Halk Maslahaty Milli Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji noýabrda geçiren maslahatynda, hususanda, ýurduň senagat kärhanalaryny goldamak meselesini agzap, milli puluň hümmetiniň durnuklylygyny saklamagyň ähmiýetini nygtady, şeýle-de ​ýurduň maliýe we ykdysady resmilerini tankytlady.




"Milli walýutanyň erkin söwda edilýän daşary ýurt walýutasyna öwrülmegine emeli päsgelçilikler bilen döredilen tölegleri geçirmekdäki kynçylyklara, zerur çig malyň wagtynda berilmezligi sebäpli önümçiligiň doly kuwwatynda işlemezligine ýol bermeli däl" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


Türkmenistanda konwertasiýa problemasy ençeme ýyl bäri saklanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolan döwründe-de ýüze çykan ençeme krizis sebäpli resmileri günäledi. Gara bazarlarda wagtal-wagtal reýd geçirildi, döwlet telewideniýesinde bikanun walýuta söwdasynda aýyplanan adamlaryň aglap ökünýän çykyşlary görkezildi.


Ýurtda ​walýutanyň gara bazary ​2016-njy ýylda nagt walýutanyň resmi söwdasynyň ýatyrylmagyndan soň döredi.


Türkmenistanyň Merkezi Banky 2015-nji ýyldan bäri milli walýutanyň resmi hümmetini amerikan dollary batynda 3,5 manat derejesinde saklaýar. Dollaryň gara bazar bahasy bilen resmi alyş-çalyş bahasynyň arasyndaky ençeme esse tapawut dowamly saklanyp galýar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net