Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30
31

Balkanda dilegçi çagalaryň sany mugallymlaryň maddy serişdesiniň hasabyna azaldylmaga çalşylýar

0
Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler ýurtda barha köpelýän dilegçi çagalar üçin mekdep mugallymlaryny jogapkär etdiler. Olar munuň bilen çäklenmän, mugallymlardan dilegçilik edýän çagalaryň eklenji üçin her aý belli bir möçberdäki maddy serişdäni bermegi talap edýärler.


Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň maglumatyna görä, şu hepde Türkmenbaşy şäher häkimligi etrap bilim bölümleriniň resmileri bilen ýygnak geçirdi.


"Ýygnakda çagalary ene-atalary ekläp bilmeýän bolsa, onda olaryň eklenjine mekdeplerdäki synp ýolbaşçylaryň, ýagny mugallymlaryň jogapkärdigi aýdyldy. Onda mugallymlaryň aýlyklaryndan her aýda 200 manat alynmalydygy bellendi. Olar dilegçilik edip, polisiýada hasaba alnan okuwçylary maddy taýdan goldamaga we azyk, eginbaş bilen üpjün etmäge borçly edildiler" diýip, welaýatyň etrap bilim bölümleriniň birindäki çeşmämiz aýtdy.




Ol häkimiýetleriň bu karara gelmegine, soňky aýlarda şäheriň köpçülikleýin ýerlerinde we 'Kenar' bazarynda dilegçilik edýän çagalaryň göz-görtele köpelmeginiň we polisiýanyň olara garşy çäre görüp bilmezliginiň sebäp bolandygyny belledi.


"Welaýatyň internatlarynda ýer bolmansoň, olary bu ýerlere hem ýerleşdirip bolmady. Häzir häkimiýetler mugallymlaryň maddy serişdesiniň hasabyna çagalaryň dilegçilik etmeginiň öňüni almaga, ýagny olaryň sanyny azaltmaga çalyşýarlar" diýip, çeşme aýtdy.


Soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurtda dilegçilik edýän ýa-da sadaka soraýan, zir-zibil çeleklerini dörýän çagalar, olaryň arasynda ogurlyk hadysalary köpeldi. Habarçylarymyz olaryň sanynyň günsaýyn diýen ýaly artýandygyny aýdyp, munuň ykdysady krizisiň netijelerinden diňe biridigini belleýärler.


Çeşmämiziň sözlerine görä, resmiler pul bermekden ýüz öwren mugallymlaryň işiniň barlanmalydygyny we munuň netijesinde olaryň işden boşadylmalydygyny hem aýtdylar.


"Goý, her mekdep 5-10 sany dilegçi çagany özi eklesin" diýip, çeşmämiz häkimligiň resmisiniň sözlerini sitirledi.


Azatlyk bu barada Türkmenbaşynyň häkimliginden we onuň bilim bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi. Şeýle-de, bu talabyň berjaý edilip başlanandygyny ýa başlanmandygyny hem häzirlikçe anyklap bolmady.




Türkmenistanda mugallymlar bag nahallaryny satyn almak, pagtanyň çürtüm işleri, pagta ýygymy, pile önümçiligi, synplary abatlamak ýaly dürli maksatlar üçin ýylyň dowamynda onlarça gezek pul goşmaga mejbur bolýarlar.


Galyberse-de, olar wezipe borçlaryndan başga-da, köpçülikleýin çärelere, şol sanda arassaçylyk işlerine, köçeleri süpürmäge, ýüpek gurçugyna ideg etmäge, pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.


Bu ýyl Balkanyň we Marynyň häkimiýetleri döwletiň gurbanlyk sadakalaryny hem býujetçileriň, şol sanda mugallymlaryň hasabyna berdiler.


Soňky ýyllarda öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri ne maliýe krizisini, ne-de ýokarda aýdylanlary aç-açan boýun alýarlar.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net