“Talybanyň” etniki hazaralaryň welaýatyna eden hüjüminde dokuz adam öldi
Bu hüjüm etniki hazaralaryň köplük bolup ýaşaýan Siwak Şibar obasynda boldy.
BMG-niň Çagalar gaznasy edarasynyň maglumatyna görä, öldürilenleriň arasynda 1-14 ýaşyndaky oglan çagalar hem bar.
“Talyban” resmileri öldürilenleriň ýaragly jeňçiler bolandygyny aýdyp, çagalaryň heläk bolandygy baradaky maglumatlary ret etdiler.
Mundan öň, Amnesty International guramasy “Talybany” etniki hazaralara garşy hüjüm etmekde aýyplapdy.
