"Kempirabad işi" boýunça tussag edilenleriň garyndaşlary protest çäresine gatnaşdy
Olar tutulanlaryň boşadylmagyny talap etdiler. Protestçilere tussag edilen beýleki aktiwistleriň garyndaşlary we syýasatçylar hem goşuldy.
Şäher kazyýeti 9-njy noýabrda tussag edilenlere garşy görlen çäreleriň üstünden edilen arz-şikaýatlara seretdi.
Şäher kazyýeti aktiwistler Ali Şabdanyň we Ataý Beýşenbekiň, şeýle-de MSK-nyň öňki agzasy Gulnara Jurabaewanyň işlerine seredip, ozalky kazyýetiň çykaran kararyny öz güýjünde galdyrdy.
Bişkegiň Birinji maý etrap kazyýeti olary 20-nji dekabra çenli tussag etmek kararyna geldi.
Mundan başga, şäher kazyýeti Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň öňki başlygy Keneşbek Duvşebaýewiň we “Ata Meken” partiýasynyň agzasy Perizat Suranowanyň tussag edilmeginiň kanun esasynda bolandygyny aýtdy.
