Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2022

Putin Berdimuhamedowa awgustda beren ordenini gowşurdy

0
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin şu gün Türkmenistanyň Halk haslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin" ordeniniň IV derejesini gowşurdy diýip, Russiýanyň "Nowosti" habar agentligi habar berýär. Putin 2017-nji ýylyň oktýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Aleksandr Newskiý ordenini gowşurypdy. Maý aýynda bolsa ol Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowy “Dostluk” ordeni bilen sylaglady.


Wladimir Putiniň şu ýylyň 26-njy awgustynda gol çeken kararynda bellenmegine görä, Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeniniň IV derejesi bilen sylaglandy.


Ýokary döwlet sylagyny gowşurmak dabarasy Kremlde geçirildi.


“Ählisini nazarda tutup, ...siz bu üstünlikleri bilýärsiňiz, biz Sizi Russiýanyň döwlet sylagy, "Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin" diýen ordeniň IV derejesi bilen sylaglamak kararyna geldik. Bu örän ýokary sylag. Bu Sizizň biziň döwletara gatnaşyklarymyzy ösdürmäge goşan goşandyňyza doly laýyk gelýär” diýip, Putin aýtdy.




"Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin" ordeni Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy bolup durýar.


Ol 1994-nji ýylyň 2-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň prezidentiniň 442-nji belgili karary bilen döredildi diýip, habarda aýdylýar.


Putin 2017-nji ýylyň oktýabrynda, Türkmenistana eden saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedowa Aleksandr Newskiý ordenini gowşurypdy.


Bu ordeni bermek baradaky permana şol ýylyň iýun aýynyň aýagynda, Berdimuhmadowyň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gol çekildi.


Şonda bu sylagyň oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin berlendigi aýdylypdy.


Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa sapara gelen rus kärdeşini “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglady.




Rus lideri maý aýynda Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem “Dostluk” ordeni bilen sylaglady.


Mundan öňki ýyllarda Putin onuň atasy Berdimuhammet Annaýewi hem orden-medal bilen sylaglapdy.


Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň Türkmenistanda her ýylyň 12-nji ýanwarynda bellenilýän Hatyra güni Aşgabatda bolan ýertitremäniň ýatlanylýan gününe birikdirildi we metbugatda Patyşa Russiýasynyň goşunlarynyň türkmen topraklaryny basyp alanlarynda eden gyrgynçylyklaryny ýatlamaga dilden gadaganlyk girizildi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net