Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2022

27-nji oktýabr – Türkmenistanyň öňki Garaşsyzlyk güni

0
27-nji oktýabry türkmenistanlylaryň köpüsi 1991-nji ýylda garaşsyz ýurt bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň yglan edilen güni, ozalky SSSR-iň düzüminde häzirki zaman türkmen döwletiniň düýbüniň tutulan güni hökmünde ýatlaýar. Bu taryhy sene 26 ýyl soň, öň hiç kimiň ýadynda düşmejek bir güne, 27-nji sentýabra geçirilip, 2018-nji ýyldan bäri bir aý öňünden bellenilýär we 27-nji oktýabr güni bilen bagly möhüm taryhy wakalar, stalinçilik repressiýanyň pidasy bolan watançy türkmenler, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurt basybalyjylary tarapyndan basylyp alynmagyna garşy söweşen ýurt goragçylary metbugatda ýatlanylmaýar.


Türkmenistanlylaryň hakyky Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän taryhy senesi öňki prezident, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, halka geňeşmezden üýtgedildi.




2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Ýaşulular maslahatynda kabul edilen karar netijesinde, Türkmenistanyň ikinji prezidentiniň başlangyçlary esasynda geçirilen sport çäresi bilen baglylykda, Garaşsyzlyk güni halka hakyky ýagdaýda geňeşmezden, açyk pikir alyşmazdan üýtgedildi.


Ýurtdaky gorky aladalary sebäpli pikirini açyk aýdyp bilmeýän, diňe ikiçäk ýagdaýda öz hakyky pikirini aýdyp bilýän adamlar özara gürrüňçilikde Garaşsyzlyk gününiň üýtgedilmegine razy däldiklerini, hiç wagt hem razy bolmajakdyklaryny, mümkinçilik dörän ilkinji pursatda öňki, hakaky Garaşsyzlyk gününiň dikeldilmegini talap etjekdiklerini aýdýarlar.


Şol bir wagtda, hökümet tankytçylarynyň köpüsiniň pikiriçe, 2017-nji ýyldaky sport çäresi bilen bagly amala aşyrylan uly gurluşyklar Türkmenistanda dowam edýän häzirki ykdysady kynçylyklaryň bir sebäbi hasaplanylýar.


Bu mesele boýunça Azatlyga pikirini aýdan raýatlaryň köpüsi Türkmenistanyň öz täze taryhynda 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda resmi taýdan ýurt bolandygyny gowy bilýärler. Ýöne bu gün, bile işlän egindşleriniň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hem ‘rahatsyz’ edýärdi. Ýöne şol wagt onuň bu senäni üýtgetmek pikirine açyk garşy çykyp bilýän adamlar bardy we ol bu niýetinden el çekmeli bolupdy.


Garaşsyzlyk güni üýtgedilenden soň, Aşgabatdaky bir diňleýjimiz anonimlik şertinde gürleşip, Garaşsyzlyk gününi, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan döwletini döredilen güni, mukaddes bir gün hökmünde ýatlaýan adamlaryň az hem bolsa bardygyny aýtdy.




Azatlygyň bir habarçysynyň 2021-nji ýylda ýazmagyna görä, “27-nji oktýabr adamlaryň aňynda we ýüreginde Garaşsyzlyk güni hökmünde orun aldy”, “Berdimuhamedowyň şahsy başlangyçlary bilen baglylykda, 27-nji oktýabrda bellenen taryhy Garaşsyzlyk gününiň bäş günlük Aziýa oýunlary sebäpli 27-nji sentýabra geçirilmegi adamlarda “içki gahar, nägilelik döretdi”.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net