Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmen raýatlary Türkiýä wiza üçin $225 çykarmaly bolar

0
Türkiýäniň, Aşgabadyň ýüzlenmesi esasynda, türkmenistanlylar üçin wiza düzgünini girizmeginden soň, türkmen raýatlary wizany almak üçin soralýan resminamalara 225 dollar (gara bazaryň nyrhy boýunça 4 müň manat, resmi alyş-çalyş kurs boýunça 787 manat) möçberinde maliýe çykarmaly bolarlar.


Bu barada türkmen raýatlary üçin Türkiýe döwletine wiza almak hyzmatyny hödürläp başlan “Gateway International” firmasynyň Aşgabatdaky edarasyna şahsy ýagdaýda baryp maglumat toplan çeşmelerimiziň biri gürrüň berdi.


Firmanyň resmi web sahypasyna görä, araçy firma, meselem, Türkiýä syýahatçylyk wizasyny almak üçin türkmen raýatlaryndan 15 töweregi resminama talap edýär, emma munuň bilen bagly tölegleri äşgär etmeýär. Azatlygyň goşmaça maglumat almak üçin, firmanyň görkezen telefon belgisine 21-nji sentýabrda eden dowamly jaňlary jogapsyz galdy.


Emma ýurduň içindäki çeşmelerimiziň biri firmanyň paýtagtdaky edarasyna baryp, syýahatçylyk wizasyny almagyň tertibini öwrenmegi başardy.


“Türkiýä wiza almagyň juda gymmada düşjekdigi belli boldy. Wiza almak baradaky ýüzlenmäni türk häkimiýetleriniň seljermesi üçin 85 dollar soralýar. Hökmany saglyk ätiýaçlandyryşy üçin 65 dollar çykarmaly. Firma hem hyzmatlary üçin 80 dollar bermeli. Jemi 225 dollar bolýar” diýip, Aşgabatdaky çeşmelerimiziň biri gürrüň berdi.




Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde maglumat berýän çeşmämiz, resmi töleglerden gaýry soralýan resminamalary wagtynda almak üçin degişli ýerli edaralaryň para soraýandygyny hem aýtdy. Ol wiza ýüzlenmesi we beýleki resminamalar bilen birlikde, raýatyň biletiniň we galjak myhmanhanasynyň bronuny hem hödürlemelidigini sözüne goşdy.


Şol bir wagtda, hökümetçi türkmen neşirleri talap edilen resminamalaryň tabşyrylmagynyň wiza beriljekdigini kepillendirmeýändigini, “Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda” wiza ýa-da hyzmat tölegleriniň yzyna gaýtarylmaýandygyny duýdurýarlar.


Ýatlatsak, şu aýyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin beýanat çap edip, türkmen tarapynyň Türkiýeden öz raýatlaryna “dürli görnüşli wiza düzgünleriniň girizilmegini” sorandygyny mälim etdi. Munuň netijesinde, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 13-nji sentýabrda gol çeken degişli karary esasynda, Türkmenistanyň raýatlary üçin 30 gün möhletlik wizasyz syýahat düzgüni ýatyryldy.


Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy türkmen tarapynyň haýyşyny Türkmenistanyň raýatlarynyň “Türkiýe respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen” diýip esaslandyrdy.


Ýöne synçylar Türkmenistanyň Türkiýe döwletinden eden haýyşyny öz raýatlarynyň halkara hereketini mundan-da beýläk çäklendirmek synanyşygy bilen baglanyşdyrýarlar.


Galyberse-de, Türkmenistanyň ýüzlenmesinden soň, türk häkimiýetleri Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenistanlylary saklap, gysga wagtyň içinde deport edip başlady. Azatlygyň ýurduň içindäki ygtybarly çeşmesi, soňky hepdeleriň dowamynda Türkiýeden deportasiýa edilen ýüzlerçe türkmen raýatynyň çarter uçarlary bilen getirilendigini aýtdy.




Bu ýagdaý Türkiýede bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlarynyň çykalga gözläp, başga ýurtlara gitmek üçin gyssagly tagalla edip başlamagyna hem sebäp boldy.


Türkiýäniň Migrasiýa gullugy ýurtda 200 müňden hem aşa türkmenistanlynyň kanuny esasda ýaşaýandygyny aýdýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler hakyky sanlaryň birnäçe esse köpdügini belleýärler. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem, Türkmenistanyň daşary ýurtdaky wekilhanalarynyň raýatlarynyň pasportlaryny täzeläp bermeýändigi bilen bagly.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net