Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

BMG eýranly tussagyň ölümine howsala bildirdi; Protestler arasynda Tährana edilýän basyş güýçlenýär

0
BMG-niň iň ýokary hukuk resmisi we eýranly kanun çykaryjy aýry-aýrylykda tussag edilen ýaş zenanyň Eýrandaky türmede aradan çykmagy netijesinde dörän betbagtçylyk we onuň ganly gozgalaňa alyp gelmegi barada açyk beýanat çap etdi.


Eýran resmileri 22 ýaşly Mahsa Aminiň Tähranda ýurduň ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilenden soň aradan çykmagyny "gynandyryjy hadysa" hökmünde häsiýetlendirdiler, ýöne oňa sütem edilendigi baradaky aýyplamalary ret etdiler.


BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň wezipesini ýerine ýetirýän Nada Al-Naşif Amininiň ölümine we "howpsuzlyk güýçleriniň bu ölümden soň başlanan protestlere garşy zorluk ulanmagyna alada bildirdi” diýip, al-Naşifiň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.


Lukmanlar 16-njy sentýabrda, ahlak polisiýasy diýilýän tarapyndan yslam düzgünleri esasynda geýinmegiň berk düzgünini bozmakda aýyplanyp tussag edilen Amininiň üç günden soň ölendigini yglan etdiler.


Eýranly kanun çykaryjy Jelal Reşidi Koçi 20-nji sentýabrda ahlak polisiýasy diýilýäniň alyp barýan gözegçiliginiň netijeliligini sorag astyna alyp, tankydy çykyş etdi.


Koçi patrulyň hereketleriniň "ýurda ýitgi we zyýan ýetirendigini" aýtdy. Sebit häkiminiň we Eýranyň günbataryndaky kürtleriň ýaşaýan ýerlerine gözegçilik edýän Hengaw Adam hukuklary guramasynyň habar bermegine görä, Aminiň ölümi sebäpli başlanan protestlerde azyndan üç adam öldi.


Resmi IRNA habar gullugynyň 21-nji sentýabrda beren habaryna görä, 20-nji sentýabrda günortadaky Şiraz şäherinde bolan zorlukly protestler arasynda polisiýanyň dört işgäri ýaralandy, "polisiýanyň kömekçisi" bolsa alan ýaralaryndan jan berdi.


20-nji sentýabrda Şirazda 15 demonstrant tussag edildi diýip, IRNA habar berdi. Şirazdan başga, öten agşam paýtagt Tähranda we demirgazyk-gündogarda ýerleşýän Maşat şäherinde, demirgazyk-günbatarda ýerleşýän Tabrizde, demirgazykdaky Raştda we merkezdäki Isfahan şäherinde protest ýörişleri geçirildi.


Şu aralykda Eýranyň günbatar Kürdüstan welaýatynyň gubernatory, welaýatyň hijap polisiýasy tarapyndan tussag edilenden soň ýogalan Aminiň ölümine garşy geçirilen protestler wagtynda bu sebitde üç adamyň ölendigini tassyklady.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net