Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2022

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni üçin köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilip başlandy

0
Türkmenistanda 27-nji sentýabrda belleniljek Garaşsyzlyk güni we onuň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi üçin köpçülikleýin taýýarlyk çäreleri geçirilip başlandy. Munuň bilen bagly, Balkan welaýatyndan ýüzlerçe adam Aşgabada iberildi. Olar öz maddy çykdajylarynyň hasabyna tas bir aý paýtagtda ýaşamaly bolýarlar.


Azatlyk Radiosynyň ýurduň günbatar welaýatyndaky habarçysy Garaşsyzlyk gününe görülýän taýýarlyklaryň pandemiýadan öňki ýyllardaky depginine gaýdyp gelendigini aýdýar.


"2019-njy ýyldan bäri ilkinji gezek sebitden ýüzlerçe adam paýtagta iberilýär. Deňiz pyýada goşunynyň, welaýat migrasiýa bölüminiň we Içeri işler ministrliginiň sebitdäki goşunynyň işgärleri 5-nji sentýabrda Aşgabada ugradyldy. Olar garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin çärelere gatnaşarlar we oňa häzirden taýýarlyk görüp başlarlar" diýip, balkanly medeniýet işgäri anonimlik şertinde 6-njy sentýabrda gürrüň berdi.




Ýagdaýdan habarly býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, Türkmenbaşy şäher Medeniýet öýünden, "Ruhyýet" köşgünden we başga-da tanymal aýdymçylar toparyndan saýlanyp alnan 50-den gowrak medeniýet işgäri hem eýýäm paýtagta gitdi.


"Welaýat boýunça jemi 560 adam çärä ugradylyp, olaryň üsti ýetiriler. Olar milli lybaslarda welaýatyň adyndan çykyş ederler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran býujet işgäri aýtdy.


Mundan başga-da, deputatlaryň we Adalat ministrliginiň ýerli bölümleriniň işgärleriniň onlarçasy-da paýtagtda iberildi. Olar Halk Maslahatynyň mejlisine häzirden taýýarlyk görerler.


"Şu gün welaýat häkimliginiň resmileri olaryň awtobuslarynyň kerwenlerini ugratdylar. Olar öz maddy çykdajylarynyň hasabyna 22 gün paýtagtdaky myhmanhanalarda ýaşamaly bolýarlar" diýip, býujet işgäri aýtdy.


Bellesek, mundan öňki ýyllarda garaşsyzlyk baýramyndan öň Halk maslahatynyň mejlisi geçirilýärdi we gazanylandygy aýdylýan üstünlikler barada gürrüň edilýärdi, ýöne ýurtdaky kyn meseleler asla agzalmaýardy. Bu ýyl türkmen hökümeti Halk maslahatyny agzamazdan, 23-nji sentýabrda Döwlet maslahatynyň geçiriljekdigini soňky bir aý bäri tekrarlaýar.


Şu ýyl Türkmenistan garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny öz ýakyn taryhyndaky üçünji lideriň ýolbaşçylygynda baýram edýär. Has dogrusy, ýurduň iň möhüm baýramlarynyň başyny çekýän bu sene martda häkimiýet başyna geçen prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek bellenilýär.




Habarçymyz Aşgabatda geçiriljek harby parada gatnaşjak organ işgärlerine, harbylara we býujet işgärlerine Garaşsyzlyk gününe "şu ýyl has ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi" barada berk duýduryş berlendigini aýdýar.


Welaýatyň harby we organ işgärleriniň birnäçesiniň anonimlik şertinde habarçymyza aýtmagyna görä, parada gatnaşýan raýatlara "iň bir kiçi ýalňyşlyk üçin jogapkärçilige çekiljekdigi, işlerinden kowuljakdygy" barada haýbat atyldy.


"Parada gatnaşjaklardan dil haty we düşündiriş hem alyndy" diýip, ýurduň deňiz güýçleriniň bir agzasy anonimlik şertinde aýtdy.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Balkan welaýat häkimliginden we deňiz güýçlerinden goşmaça maglumat ýa kommentariý alyp bilmedi.




Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Aşgabatda garaşsyzlyk baýramyna görülýän taýýarlyk çäreleriniň şu aýyň başynda geçirilip başlanandygyny habar berýär.


Garaşsyz neşiriň 5-nji sentýabrda çap eden habaryna görä, döwlet we býujet edaralarynyň işgärleri her gün irden sagat 6:30-8:30 aralygynda "Dagdan" stadionynda geçirilýän köpçülikleýin taýýarlyklara gatnaşýarlar we şondan soňra işlerine gidýärler.


"Köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine harbylar we talyplar hem gatnaşýarlar" diýip, neşir belleýär.


Häkimiýetler döwlet garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna we onuň öňüsyrasynda geçirilýän maslahata aýratyn ähmiýet berýärler. Türkmen prezidenti 12-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere we Döwlet maslahatyna "gowy taýýarlyk görülmelidigini" aýtdy.


Türkmenistan 1991-nji ýylyň oktýabr aýynda SSSR-den garaşsyzlygyny yglan etdi. 2017-nji ýyla çenli Garaşsyzlyk güni 27-nji oktýabrda, garaşsyzlyk yglan edilen güni bellendi. 2017-nji ýylda Türkmenistanyň şol döwürdäki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça ýurduň parlamenti bu senäni 27-nji sentýabra geçirdi. Häkimiýetler senäniň üýtgedilmeginiň sebäbini aç-açan we takyk düşündirmediler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net