Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2022

Azatlykdaky mellek eýeleri ol ýerden jaý satyn alyp bilmeýärler

0
Türkmenistanda ýene-de täze sosial desgalarynyň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy dowam etdirilýär. 23-nji awgustda prezident Berdimuhamedow Aşgabatda planlaşdyrylýan täze binalaryň proýektleri bilen tanyşdy. Bu aralykda, paýtagtda we sebitlerde ýaşaýan ilatyň aglaba köplügi, şol sanda türkmen hökümetiniň ýöredýän şäher gurluşyk syýasatynyň bir bölegi hökmünde jaýlaryň köpçülikleýin ýykylmagy zerarly öýsüz galan adamlaryň ýaşaýyş jaý meselesi çözülmän galýar.


Habarçylaryň soňky maglumatlaryna görä, tutuş ýurt boýunça täze ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurulmagyna garamazdan, ýerli ýaşaýjylara täze binalarda jaý satyn almak kyn.


Türkmenabatdaky habarçymyz "Azatlyk" atly etrapçadaky täze ýaşaýyş jaýlarda öý satyn almak mümkinçiligi barada habar berýär: “Täze howa menziliniň golaýyndaky Arkadag köçesinde 40 sany dört gatly jaý guruldy. Bu töwerekde jaý satyn almak mümkin däl diýen ýaly".




Türkmenabadyň "Azatlyk" atly etrapçasynda 40 sany dört gatly bina guruldy, hersinde 32 jaý bar.


Habarçynyň sözlerine görä, esasy mesele potensial alyjynyň ençeme talaba laýyk gelmegine degişlidir. Hususan-da, jaý satyn almak isleýäniň adyna eýýäm bir jaýyň ýa-da mellegiň ýazylan bolmagy ony ret etmek üçin esas bolup biler. Habarçy täze etrapçada kwartira satyn almak isleýänleriň arasynda 7 ýyl ozal şol etrapçada paýlanan mellek eýeleriniň köpdügini belleýär. Mesele kagyz ýüzünde paýlanan ýerleriň hakykatda çölde, ýaşap bolmajak ýerde ýerleşmegidir.


"7 ýyl ozal, Türkmenabat şäheriniň häkimligi, 2 müňe golaý arzany gözden geçirip, çöl içinde çägelik ýerde mellek paýlady. Şonda häkimlik işgärleri ýaşaýjylara bu ýerde ýakyn wagtda şäheriň boljakdygyny we administratiw binalaryň ýerleşjekdigini wada berdiler. Mellek berlen adamlaryň arasynda maýyplar, ýeke galan eneler, Owganystandaky söweş weteranlary, täze durmuş guran maşgalalar bardy. Indi 7 ýyldan soň şol ýerlerde gazyklar hem ýitip gitdi, çäge basdy. Indi ol ýerde mal bakylýar" - diýip, ýer eýeleri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýtdy.


Habarçynyň sözlerine görä, häzir bu ýaşaýjylar jaý satyn almak üçin özleri üçin hökümet tarapyndan göz öňünde tutulan ýeňilliklerden peýdalanmaga synanyşýarlar.


"Häkimlikde olarda mellekleriň bardygyny düşündirip, jaý satmakdan ýüz öwürdiler. Şeýlelik bilen, olarda indi ne jaý satyn almak, ne-de 2014-nji ýylda paýlanan mellek ýerlerinden ulanmaga mümkinçilik bar" - diýip habarçy aýtdy.




Azatlyk Türkmenabadyň şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi. Çeşmeler, puly bar adamlaryň ýaşaýyş jaýynyň bahasyna belli bir mukdarda töleg goşup, kwartira satyn alyp bolýandygyny öňe sürýärler.


Bu aralykda, Aşgabatda häzirki zaman sosial desgalarynyň ýene bir toplumynyň gurulmagy planlaşdyrylýar. Türkmenistanyň metbugatynyň habaryna görä, paýtagtyň Gurbansoltan Eje şaýolunyň ugrunda 18 sany dokuz gatly ýaşaýyş jaýy, iki gatly söwda merkezi, 720 okuwçy üçin mekdep, 320 körpe üçin çagalar bagy, awtoulag duralgasy we sport meýdançalary gurmak planlaşdyrylýar. Mäti Kösäýew köçesinde, ýykylan köne agaç jaýlaryň ýerinde ýokary oňaýlykly täze jaý gurmak göz öňünde tutulýar.


Hökümetiň şäher gurluşyk syýasaty netijesinde soňky 10 ýylda ýurtda müňlerçe jaý ýykyldy. Diňe 2015-2017-nji ýyllar aralygynda paýtagtdaky müňlerçe maşgala öýlerini ýitirdi. Garaşsyz çeşmelere görä, köp maşgala ýykylan öýlerine derek häzire çenli jaý ýa-da pul kompensasiýasyny alyp bilmädir.




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net