Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2022

Okuw esbaplary we mekdep lybaslary çagalara gymmada düşýär, mekdep okuwçylary zähmete mejbur bolýar

0
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde zibilden plastmas gap gözleýän, bazarlarda dilegçilik edýän çagalaryň köpelýändigini, welaýatyň günorta-gündogar sebitlerinde çagalaryň oba hojalyk işlerine çekilýändiklerini habar berýärler. Ýerli ýaşaýjylar zähmete mejbur edilýän çagalaryň mekdep bazarlaryndan okuw esbaplaryny satyn almak üçin gazanç etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.


“Maşgalalardaky garyplyk çagalaryň çagalygyny ogurlap, müňlerçe çaga özleriniň çagalyk döwrüni zähmet we gazanç gözleginde ýitirýärler” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Habarçymyz Türkmenbaşyda zähmete mejbur bolýan çagalaryň köplenç zibil gutularyny dörüp, ol ýerlerden plastmas gap gözleýändiklerini, ýa-da mekdep ýaşyndaky käbir çagalaryň bazarlarda dilegçilik edýändiklerini habar berýär.


Has ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary zibilhanalardan toplanýan plastmas gaplaryň kabul ediş nokatlarynda satyn alynýandygyny habar berdiler.




Ýöne şäher çagalary plastmas söwdasy bilen gazanç etmäge sezewar bolýan mahaly, oba ýerlerinde mekdep ýaşyndaky okuwçylar oba hojalyk işlerinde işledilýärler.


“Balkan welaýatynyň günorta-gündogar sebitlerinde çagalar pagta ýygymyna, kartoşka we şugundyr ýygnamaga çekilýärler. Magtymguly, Berelet we Serdar etraplary ekerançylyk etraplary bolansoň, bu sebitlerde çagalar oba hojalyk işlerine çekilýär. Olar oba hojalyk işlerinde işläp, mekdep lybaslaryny we okuw esbaplaryny satyn alýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Gazanç etmäge sezewar bolýan mekdep okuwçylarynyň köpelmegi baradaky habarlar Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlamagynyň öň ýanyna gabat gelýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçysy zähmete mejbur galýan çagalaryň köplenç okuw esbaplaryny ýa-da mekdep lybaslaryny satyn almak üçin gazanç etmäge synanyşýandyklaryny habar berýär.


Ýatlasak, täze okuw ýylynyň bosagasynda Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlaýar.


Hökümetçi neşirler awgustyň başlarynda döwlet metbugatyna salgylanyp, mekdep bazarlarynyň açylandygy habar berdiler.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ene-atalar mekdep bazarlaryndaky bahalaryň öz maşgala býujetine gabat gelmeýändigini aýdýarlar.


“Mekdep bazarlary hojalyklaryň maşgala sebedine gabat gelmeýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.


Habarçymyz Türkmenbaşynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji we dördünji etrapçalarynda, Akdaş ýaşaýyş toplumynda işsizligiň we garyplygyň ýitileşendigini habar berýär.




Ýöne sebitdäki durmuş-ykdysady kynçylyklar tutuş welaýata mahsus bolup, ýerli ýaşaýjylar garyplygyň derejesiniň ýokarlanmagyny ýerli kärhanalarda we daşary ýurt kompaniýalarynda köp sanly iş orunlarynyň wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýapylmagy bilen düşündirýärler.


“Soňky ýyllarda, hususan-da koronawirus pandemiýasy zerarly daşary ýurt nebit-gaz kompaniýalary sebitdäki müňlerçe işçisini işden boşatdy. Döwlet we hususy kärhanalarda bolsa, iş orunlary wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýapyldy. Ençeme adamlar işsiz galdy. Munuň bilen halkyň ykdysady ýagdaýy has-da aşaklady. Bu bolsa çagalaryň durmuşyna oňaýsyz täsir etdi” diýip, bir ýerli synçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Döwlet metbugaty we hökümetçi neşirler balkanly çagalaryň duçar bolýan kynçylyklary, olaryň okuw esbaplarynyň üpjünçiligi bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan problemalary, kynçylyklary barada dil ýarmaýar.


“Tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şagalaň bilen geçirýän çagalar şu günler söwdasy gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny höwes bilen satyn alýarlar” diýip, hökümetçi Turkmenportal.com ýazýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net