Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2022

"Kamera, motor!". Aşgabadyň ýaşaýjylary meşhur filmlerden aýdymlary diňlediler

0
11-nji awgustda Aşgabadyň "Türkmenistan" konsert zalynda geçirilen çärede sowet döwründe döredilen meşhur filmlerden we türkmen kinosynyň klassikasyna öwrülen kartinalardan aýdym-sazlar ýerine ýetirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.


Tomaşaçylar Tahyr Ataýewiň orkestriniň "Kamera, motor!" - sowet filmleriniň aýdym-sazlary konsertine sabyrsyzlyk bilen garaşyp, özboluşly ideýlara we garaşylmadyk pursatlara we ylhamly çykyşlara tamakin bardylar. Bu adatdakysy ýaly birek-birege ylham berýän sazandalar toparynyň ägirt uly eseri boldy.




Adamar ak-gara reňkli bileti satyn alan pursadyndan başlap, döredijilik keýpine eýe boldular.


Bu gezek orkestriň zenan sazandalary, bir wagtyň modasyna görä tikilen ak nokatly gyzyl köýneklere geýindiler, olaryň saçlarynda ak lentalar bardy, erkek sazandalar adaty ak-gara eşiklidi.


Konsertde edilen her bir çykyş filmden alnan wideo pursatlar bilen ýerine ýetirildi. Andreý Petrowyň sazy "Awtoulagdan ägä boluň" (Beregis awtomobilýa") filminden wideo klip bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň köpüsini orkestr ýerine ýetirdi. Ýöne filmlerden aýdymlaram bardy. Solistler Selbi Annadurdyýewa we Begenç Muşiýew boldular.




Türkmen filmleriniň aýdym-sazlary aýratyn gyzyklanma döretdi. Kompozitor Andreý Babaýewiň “Aşyr aganyň hötjetligi”, kompozitor Nury Halmamedowyň “Aýgytly ädim”, kompozitor Çary Nurymowyň “Meniň dostum Meliguş” we "Jemalyň daragty" atly eserlerden sazlar ýaňlandy.


Begenç Muşiýewiň ýerine ýetirmeginde "Aşyr aganyň hötjetligi”, (1955) we "Söýgüli gözler" filminden aýdym uly üstünlik gazandy.




Bu sazyň awtory kompozitor Andreý Awanesowiç Babaýew (1923–1964), sözleriň awtory Gara Seýitliýew. Sözleri rus diline Anisim Krongauz terjime edipdir. 


Filmden görkezilen bölekler ak-gara rekli bolsa-da, tomaşaçylarda nostalgiýa duýgusyny döretdi we “şäheriň köne görküni, ýaşyl we kölegeli baglaryny” küýsedip, ýada saldy.




Beýik sazanda Nury Halmamedowyň "Aýgytly ädim" we "Ajy ykbal" filminlerindäki eserleri Guwanç Muşikowyň we orkestriň ajaýyp çykyşynda ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Bu, konsertiň barşynda yeke-täk dramatik, ýöne owadan pursatlar boldy.


Konsertde "Kawkaz ýesiri" ("Kawkazskaýa plennisa"), "Iwan Wasilýewiç kärini üýtgedýär", "Sannikow ülkesi", "31-nji iýun" atly filmlerden Aleksandr Zatsepiniň sazy ýaňlandy. Mikael Tariwerdiewiň "Baharyň 17 pursaty" filminden saz, Ýewgeniý Doganyň "Mähirli we mylaýym haýwan", Wladimir Daşkewiçiň "Gyş üljeleri" atly kartinalaryndan sazlar ýerine ýetirildi.


Ewgeniý Krylatowyň "Elektronigiň başdan geçirmeleri" filmindäki "Ganatly hiňňilik" aýdymynyň ýerine ýetirilen wagtynda konserte garaşylmadyk bir waka boldy. Gyzyl galstukly we şapkaly “pionerler topary” sahna çykdy we tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagyny we şatlykly gülkülerini gazandy, soň bolsa “wožatyý” Tahyr Ataýewiň görkezmesi bilen olar iki hatara düzüldi.


 




Aýdym ýerine ýetirilenden soň, birinji hatardaky çagalar tomaşaçylara eglip minnetdarlyk bildirdi, şonda olaryň eserdeň we özboluşly eden hereketleri köp tomaşaçyny güldürdi. Konsertden soň belli bolşy ýaly, olar orkestr sazandalarynyň çagalarydy.


Konsertiň öňüsyrasynda wideo görkezilipdi we onuň bilen bilelikde orkestr sazandalarynyň "Gulluk romany" filminiň stilinde gurnan sahnasy görkezildi. Bu filmiň sazynyň yýerine ýetirilmegi konserti başlady. 




Konsert Bahram Dollyýewiň (ilkinji skripka) we Sirhan Batyrowyň (klarnet) janly dueti bilen tamamlandy.


Konsertden soň tomaşaçylaryň "nähili ajaýyp", "nähili ussatlar" diýen sesleri eşidildi. Awtobus duralgasyna barýanlaryň arasynda ak nokaty gyzyl köýnekli ellerinde saz gurallaryny göterip barýan gyzlary görmek mümkindi. Bu çäre hem tomaşaçylar, hem-de sazandalar üçin durmuşyň ajaýyp bir pursady boldy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net