Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Türkiýede ýol heläkçiliginde bir türkmenistanly aýal öldi we onuň ekiz bäbekleri ýaralandy

0
Türkiýäniň Sakarýa welaýatynyň Ferizli etrabynda bolan ýol heläkçiliginde bir türkmenistanly aýal öldi we onuň ekiz çagalary hem-de adamysy ýaralandy. Bu barada türk metbugat serişdeleri habar berýärler.


Karasu şäherçesinden Adapazary şäherine barýan 41 AGH 637 belgili awtoulagyň sürüjisi N.A. (41 ýaşly) ulagyň dolandyryşyny ýitiridi. Waka D-650 awtoulag ýolunda, Ferizli Senagat zolagynyň çatrygynda boldy diýlip, sondakika.com neşiriniň 9-njy iýulda çap eden habarynda bellenilýär.


Habarda ulagdaky dört ýolagçynyň, şol sanda sürüjiniň we onuň türkmenistanly aýalynyň (red: habarda onuň ady G.A. (41) görkezilýär) hem-de ekiz bäbekleriniň ýaralanandygy bellenilýär.


"Ferizli etrap döwlet hassahanasyna äkidilen enäni, görlen saglyk çärelerine garamazdan, halas bolup bolmady. Bejergi alýan ekiz bäbekleriň we olaryň kakasynyň saglyk ýagdaýynyň gowudygy anyklandy" diýip, türk neşiri ýazýar.


Türkiýe türkmenistanlylaryň gazanç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri hasaplanýar. Türk resmileriniň maglumatlaryna görä, Türkiýede 241 müň türkmen raýaty ýaşaýar. Ýöne garaşsyz çeşmeler hakyky sanyň birnäçesi esse köpdügini aýdýarlar.


Türk metbugatynda türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan dürli, şol sanda olaryň işleýän ýerlerinde ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary ýa-da haýsydyr bir jenaýata baş goşandygy barada habarlar peýda bolýar.


"Döwlet adam üçndir" diýen şygary öňe sürýän türkmen häkimiýetleri Türkiýede ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada habar bermeýärler. Häkimiýetler olar barada türk metbugatynda çykýan habarlar barada hem hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýärler.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net