Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2022

Täze ölçegler. Kim ymam-hatyp bolup bilmeýär?

0
Geçen hepde Täjigistanda Wyždan azatlygy we dini birleşikler baradaky kanuna girizilen üýtgetmeler metjitleri dolandyryjylary we ymam-hatyplary saýlamak işini kynlaşdyrdy. Indi agyr jenaýat edenlere jemagat namazynda ymam bolmaga hem-de juma gününde wagyz etmäge rugsat berilmeýär. Käbirleri beýle karary dogry hasaplaýarlar, käbirleri dini azatlyklaryň çäklendirilýändigini aýdýarlar.


Täjigistan mejlisiniň agzasy we düzedişleriň hemaýatkärlerinden biri bolan Mujibahon Jawhari: "Jynsy taýdan jenaýatda aýyplananlar, terrorçylykda, ekstremizmde we beýleki agyr, aýratyn-da has agyr jenaýatlarda günäkär bolan adamlar dini birleşigiň guramaçysy ýa-da iş dolandyryjysy bolup bilmez" diýip, girizilen üýtgetmeler barada düşündiriş berdi.


Deputat hanymyň sözlerine görä, beýle kadalar birnäçe kanunlarda, şol sanda bilim baradaky kanunlarda öň hem bar eken.


Resmi maglumatlara görä, Täjigistanda 4000 töweregi hasaba alnan metjit bar, her metjitde hem ymam-hatyp ýa-da sarhatib (baş hatyp) bolýar. Olar metjitler baradaky Düzgünnama laýyklykda, şol metjidi esaslandyryjylar we mähelleleriň başlyklary tarapyndan saýlanýar, soňra ähli resminamalar jemlenip, tassyklamak üçin din işlerine ygtyýarly döwlet edarasyna iberilýär. Şoňa laýyklykda 2014-nji ýyldan bäri metjitleriň ymamlaryna döwlet býujetinden aýlyk tölenýär.


Adynyň aýdylmazlygy şerti bilen gürrüňdeş bolan bir ymam-hatyp kanuna şeýle üýtgeşmeler girizilmese-de, ymamlyk wezipelerine dalaşgärleri hödürlemegiň we tassyklamagyň birnäçe ýyl bäri berk gözegçilikde saklanýandygyny aýtdy. “Häkimiýetler ýa-da oba adamlary hiç haçan jenaýatda günäkär bolany ýa-da has beteri ekstremist toparlara ýardamçy bolany ymam saýlamadylar. Şeýle adamlar metjide gelenlerinde, beýlekileriň beýnisini bulaşdyryp başlaýarlar. Bu ýerde hiç bir täzelik ýok" diýip, ol sözüne goşdy.


Dini meseleleri gowy seljerýän Anwar Şamolow: "Şeýle göräýmäge, bu üýtgeşmeler kabul ederlikli we zerur. Ýöne şol wagtyň özünde-de, soňky üýtgeşmeler metjitleriň işini has beter çäklendirýär" diýdi.


“Käbir metjitlerde owadan sesli we gowy dini bilimi bolan ymam-hatyplary işden boşadýarlar, olaryň ýerine bolsa diňe dogalary nädogry aýtmak däl, eýsem hemme taraplaýyn dini düşünjesi bolmadyk adamlar bellenilýär. Beýle çözgüde gelmegiň netijesinde, musulmanlaryň metjitlere gatnamagyna päsgelçilik döredilýär. Metjit hyzmatkäri üçin esasy zat, ymamdan bolan talaplary kanagatlandyrmak, ýagny namazyň dogry we hiç bir başga maksatsyz berjaý edilmegi bolmaly” diýip, biziň gürrüňdeşimiz aýdýar.


Ýuristler bolsa täze düzgüniň jenaýat jogapkärçiligine çekilen, ýöne soňra günäsi geçilenler üçin, kynçylyk döredip biljekdigini aýdýarlar.


“Meniň pikirimçe, bu kada ulanylyp başlansa, ol logiki taýdan ýalňyşlyk bolar. Bu kategoriýa garşy adalatsyzlygyň boljakdygy we käbir adamlaryň girdeji çeşmelerinden mahrum edilmegi we işsiz galmagy gaty ähtimal” diýip, Hukuk ylymlarynyň doktory Şokirjon Hakimow aýdýar.


Täjigistanda ymam-hatybyň wezipesi öňki abraýyny ýitirýän ýaly, indi ymam-hatybyň jogapkärçiligini öz üstüne alyp bilýänler az. Soňky ýyllarda ymamlaryň hyzmaty diňe bir düýpgöter üýtgemän, eýsem indi öňdebaryjy mollalardan wagyzçylara öwrüldiler we açyk propaganda geçýärler. Munuň daşyndan-da, olaryň alyp barýan işlerine hökümet öz gözegçiligini has-da güýçlendirmek isleýär.


Birnäçe ýyl bäri Täjigistanyň häkimiýetleri dine bolan çäklendirmeleri üçin tankyt edilýär. Şu ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti her ýyl geçirilýän Global Dini Erkinlik hasabatynda, Täjigistany dini azatlyklar barada aýratyn alada goýýan ýurt hökmünde görkezdi. Muňa jogap edip Täjigistanyň resmileri: "beýle hasabatlaryň asyl esaslary ýok we ol ýurtdaky dini azatlyklaryň hakyky ýagdaýyny görkezip bilmeýär" diýdiler.


Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net