Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2022

Festiwalda görkeziljek oýunlaryň esasy bölegini G.Berdimuhamedowyň eserleri tutar

0
Türkmenistanda şu gün 25-nji maýa çenli geçirilýän “Türkmen teatr sungaty” festiwaly öz işine başlady.


Türkmen mediasy bu festiwalyň çäklerinde paýtagtdaky teatrlarda dürli sahna oýunlarynyň görkeziljekdigini, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlarynyň guraljakdygyny habar berdi.


Şeýle-de, festiwalyň açylyş dabarasynyň barşynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň sanly ulgam arkaly görkeziljekdigi aýdyldy.


Resmi maglumata görä, Aşgabat şäherinde teatrlaryň altysy bar. Mundan başga, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary sebitlerinde hem sebit teatrlary hereket edýär. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde bolsa täze drama teatrynyň gurluşygy alnyp barylýar.


"Türkmen teatr sungatynyň görnükli wekilleri bolan Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Sabyr Ataýewa, Sona we Suraý Myradowalar, Artyk Jallyýew, Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly zehinli teatr artistleriniň at-abraýy bütin dünýäde bellidir” diýip, Türkmenistanyň prezidentiniň festiwala gatnaşyjylara ýazan ýüzlenmesinde türkmen teatrynyň sowet döwründe meşhurlyk gazanan wekilleriniň atlary agzalýar.


"Biziň wezipämiz sahna ussatlarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr” diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.


Onuň sözlerine görä, festiwala gatnaşýan teatrlaryň döredijilik toparlary tarapyndan täze sahnalaşdyrylan oýunlaryň esasy bölegini Gurbanguly Berdimuhamedowyň "dana paýhasyndan dörän çuňňur pelsepewi eserleriň esasynda döredilen” eserleriň tutmagy "aýratyn buýsandyryjydyr”.


"...Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän çuňňur mazmunly eserler durmuşymyzyň ähli ugurlarynda belent maksatlara ýetmekde ýolgörkeziji şamçyrag, ruhlandyryjy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýärler” diýip, döwlet baştutany kakasynyň adyndan döredilen eserleri nazarda tutup aýtdy.


G.Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, ýurtda hakyky ilhalar eserleriň, şol sanda tomaşaçylaryň görmek isleýän oýunlarynyň azdygyny boýun aldy. Synçylar, berk döwlet senzurasy sebäpli, bu ýagdaýyň şindi hem saklanyp galýandygyny, teatrlaryň köplenç 'mejbury tomaşaçylar' bilen doldurulýandygyny aýdýarlar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net