Gazak prezidenti konstitusiýa reformasy boýunça referendum geçirmegi teklip edýär
Tokaýew şu ýyl nebite baý merkezi aziýa döwletinde, karar kabul etmegi merkezden daşlaşdyrmak maksady bilen, birnäçe konstitusiýa üýtgetmesini girizdi.
Tokaýew 29-njy aprelde gazak parlamentiniň mejlisinde çykyş edip, düzedişlere parlament däl-de, raýatlar göni ses berse has ýerlikli boljakdygyny, sebäbi ol üýtgeşmeleriň konstitusiýanyň üçden bir bölegini öz içine alýandygyny aýtdy.
Tokaýew referendumyň "möhüm demokratik instituta" wekilçilik edýändigini belledi we "Gazagystanda soňky referendumyň 1995-nji ýylda, häzirki Konstitusiýa tassyklanylanda geçirilendigini” ýatlatdy.
Ol referendumyň haçan geçiriljekdigini aýtmady.
