London kazyýeti Julian Assanjyň ABŞ-a ekstradisiýa edilmegine rugsat berdi
Ekstradisiýa etmek baradaky karary Angliýanyň daşary işler ministri Priti Patel kabul etmeli. Şondan soň Assanjyň aklawçylary höküme garşy şikaýat edip biler.
ABŞ Wikileaksi esaslandyryjynyň garşysyna jemi 17 sany aýyp, şol sanda Yrakda we Owganystandaky harby operasiýalar barada gizlin maglumatlary aýan etmek aýyplamasyny bildirýär.
Maglumatlaryň syzdyrylmagyny gurnan esasy adam şol wagt harby gullukda bolan Bredli (Çelsi) Manningdi we Wikileaks olary diňe çap etdi.
Aýyplama laýyklykda, Assanj "Manning ýaly çeşmelerini gizlin maglumatlary almaga, ogurlamaga we neşir etmek üçin Wikileakse tabşyrmaga höweslendiripdir".
