Kabulda onlarça adam “Talybanyň” gyzlaryň bilimine girizen gadagançylygyna garşy ýöriş geçirdi
Ýerli mediada görkezilen şekillerde mekdep lybaslaryna geýnen onlarça mugallymyň gyz okuwçylar bilen birlikde okuw kitaplaryny hem göterip, “mekdepleri açyň” diýen şygarlary gygyrandygyny görse bolýar. Çäräniň dowamynda olar özleriniň bilim almak we okamak haklaryny talap etdiler.
Gurnaýjylar ýörişiň Bilim ministrliginiň binasynyň öňünde başlanandygyny we parahatçylykly gutarandygyny aýtdylar.
23-nji martda bir milliona golaý owgan gyz okuwçysynyň mekdebe dolanmaga taýýarlanan wagty, “Talyban” gyzlar üçin mekdepleri açmak baradaky kararyny soňky pursat yzyna aldy.
2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýeti eýelän radikal topar bu hereketine hiç hili düşündiriş bermedi.
Halkara guramalar, dünýä hökümetleri “Talybany” bu baradaky kararyna dessine täzeden göz aýlamaga çagyrdylar.
