Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2022

Bäbekhana edilen hüjüm gahar-gazaby artdyrýar; Diplomatlar öňegidişlik gazanyp bilmedi

0
Moskwanyň we Kiýewiň ýokary derejeli diplomatlary hatda parahat adamlaryň howpsuz ýere çykmagy üçin döredilmeli ynsanperwerlik koridorlary meselesinde hem ilerleme gazanyp bilmedi, şu arada rus goşunlarynyň Ukrainanyň Mariupol portundaky bäbekhana eden hüjümi global gahar-gazabyň has ýokarlanmagyna alyp geldi.


Rus çozuşynyň 15-nji gününe girmegi bilen, ukrain resmileri diňe bir ruslaryň ilerlemeginiň öňüni almaga dyrjaşman, demirgazykdaky Mariupol ýa-da Harkow ýaly, daşy gabalan şäherleriň ilatyny ewakuasiýa etmek üçinem uly tagalla etmeli boldular.


Gyzyl Haç guramasy Mariupolda, gumanitar kömegiň we ewakuasiýa koridorlarynyň bolmazlygy sebäpli, 400 müňden gowrak adamyň gabawa düşendigini we şäheriň “agyr heläkçilik” şertlerine duçar bolandygyny aýtdy.


Azow deňziniň kenaryndaky möhüm port şäheri bolan Mariupol Kryma barýan ýoluň esasy tranzit nokady bolansoň, analitikleriň çaklamalaryna görä, ruslar ony basylyp alnan Krym ýarym adasyna “gury ýer köprüsi” edinmek isleýärler.


9-njy martda bäbekhana urlan artilleriýa ýa-da howa zarbasy binany ýykdy we azyndan üç adamyň, şol sanda bir çaganyň ölmegine sebäp boldy.


Göwreli aýallaryň ewakuasiýa edilişini görkezýän suratlar goňşy ýurda goşun süren Moskwanyň hereketini ýazgarýan adamlaryň global gahar-gazabyny has-da güýçlendirdi.


Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýany uruş jenaýatynda aýyplady. Ak tam muny güýjüň parahat ilata garşy "wagşylyk" bilen ulanylmagy hökmünde ýazgarsa, britan premýer-ministri Boris Jonson bu ýagdaýy "ahlaksyz" diýip atlandyrdy.


Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 10-njy martda Türkiýede rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, ýöne gepleşikler hiç hili netije bermedi.


Kuleba žurnalistlere Lawrowyň ýüzlerçe müň parahat adama kömek etmek üçin urşy togtatmakçy bolmaýandygyny aýtdy.


"Biz diplomatiýa taýyn, diplomatik çözgüt gözleýäris, emma olar ýok bolsa-da, özümizi aýaman, topragymyzy, halkymyzy rus agressiýasyndan gorarys" diýip, ukrain ministri aýtdy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net