Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

ABŞ Baýden-Putin sammitiniň goýbolsun edilendigini aýdýar

0
Birleşen Ştatlar, prezident Jo Baýden bilen rus lideri Wladimir Putiniň arasynda boljak sammitiň Moskwanyň soňky agressiýalaryndan soň gün tertibinden aýrylandygyny, Ukrainadaky krizisi diplomatiýa arkaly çözmek mümkinçiliginiň azalandygyny aýtdy.


Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki 22-nji fewralda žurnalistlere Putiniň Ukrainadaky iki separatistik sebiti garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etmegi we ol ýere goşun ibermek kararyna gelmegi bilen, iki lideriň teklip edilýän duşuşygynyň häzirlikçe gün tertibinden aýrylandygyny aýtdy.


Psaki bu iki lideriň ahyr netijede duşuşjakdygyny, ýöne goşunlaryny yza çekip, Ukrainadaky dartgynly ýagdaýy gowşatmasa, Baýdeniň Russiýanyň prezidenti bilen duşuşmajakdygyny aýtdy.


Ol žurnalistlere "Biz hiç haçan diplomatiýanyň gapysyny doly ýapmarys" diýdi. Emma muňa garamazdan, "Russiýa ugruny üýtgetmese, diplomatiýa üstünlik gazanyp bilmez" diýip, metbugat wekili sözüniň üstüni ýetirdi. Bu habar ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinkeniň şu hepdäniň ahyrynda rus daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen meýilleşdirilen duşuşygyny ýatyrandygyny aýdanyndan birnäçe sagat soň aýdyldy.




"Indi biz çozuşyň başlanýandygyny we Russiýanyň diplomatiýany doly diýen ýaly ret edýändigini görýäris, bu ýagdaýda duşuşygy dowam etdirmegiň manysy ýok" diýip, Blinken Waşingtonda, Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. 


Ukraina garşy alyp barýan hereketlerine garamazdan, Putin 23-nji fewralda öz ýurdunyň şindi hem krizise  "diplomatik çözgüt" gözlemäge taýýardygyny aýtdy. Ýöne  ol Russiýanyň bähbitlerine gezek gelende, bu barada gepleşik geçirip bolmajakdygyny hem sözüne goşdy. 


"Russiýanyň bähbitleri, öz raýatlarymyzyň howpsuzlygy biz üçin ara alnyp maslahatlaşylmasyz” diýip, Putin Watan goragçylarynyň baýramy mynasybetli eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.


Dünýäniň Putiniň dartgynly sebitde indiki etjek hereketine galagoply syn edýän wagtynda, Birleşen Ştatlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň we Angliýanyň Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerine garşy jogap çärelerini görmegi bilen, Günbatar ýurtlarynyň köpüsi Russiýa garşy sanksiýa girizdi.


Awstraliýa 23-nji fewralda iki sany rus bankyny nyşana alyp, Putiniň Howpsuzlyk geňeşiniň sekiz agzasyna syýahat gadagançylygy girizmek bilen, özüniň bu meselede ABŞ we Angliýa bilen birleşjekdigini aýtdy.


Premýer-ministr Skott Morrison, Birleşen Ştatlaryň we Angliýanyň liderleri ýaly, bu sanksiýalaryň Awstraliýanyň Russiýa garşy ulanyp biljek sanksiýalar toplumynyň ilkinji tapgyry bolandygyny aýtdy.


Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida hem şu aralykda Russiýanyň garşysyna görjek çärelerini, şol sanda Russiýanyň hökümet obligasiýalarynyň täze goýberişlerini we Ýaponiýada paýlanmagyny gadagan etjekdigini aýtdy.




Ýaponiýa Ukrainanyň iki separatistik sebiti bilen baglanyşykly adamlaryň syýahatlaryny hem gadagan eder we Ýaponiýadaky emläklerini doňdurar diýip, Kişida sözüniň üstüni ýetirdi. 


Bu çäreler Putiniň gündogar Ukrainadaky iki separatistik sebiti garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edip,  ol ýere goşun ibermek kararyna gelmeginden soň görüldi.


Moskwanyň bu hereketleri Günbatar, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki ýurtlar we guramalar tarapyndan berk ýazgaryldy.


Russiýa serhet ýakasynda 150 000-den gowrak esger toplanyndan soň, Günbatar Putini sebitdäki zorluklarda Kiýewi günäkärläp, Ukrainany doly basyp almak üçin bahana gözlemekde aýyplady.


Putiniň Ukraina barada aýdanlaryna "biziň hiç birimiz ynanmarys" diýip, Baýden 22-nji fewralda, Russiýanyň agressiýasyna jogap üçin girizilen sanksiýalaryň "ilkinji tapgyryny" yglan edende sözlän sözünde aýtdy.


"Bu Russiýanyň Ukraina çozmagynyň başlangyjy" diýip, Baýden Putiniň gündogar Ukrainadaky sebitlere, Russiýanyň goldawynda söweşýän separatistleriň gözegçiliginde galýan ýerlere goşun ibermek meýilnamasyna salgylanyp aýtdy.


Waşingtonyň çäreleri Russiýanyň iki bankyna garşy girizilen gadaganlyklary we Moskwanyň Günbatar maliýe guramalaryna elýeterliligini kesýän sanksiýalary öz içine alýar.


Angliýa, ÝB we Kanada hem Moskwa garşy şuňa meňzeş sanksiýalary yglan etdiler, Russiýa Ukrainany doly basyp alsa, has çynlakaý çäreleriň görüljekdigi aýdylýar.


German kansleri Olaf Şolz, Moskwanyň Ukrainadaky hereketlerine jogap hökmünde, öz ýurdunyň gapma-garşylykly “Demirgazyk akym 2” gaz geçirijisiniň kepillendiriş işini togtadýandygyny aýtdy.


11 milliard dollar bahasy bolan geçiriji Germaniýa Ukrainadan sowa, Baltika deňzi arkaly, rus gazyny getirmelidi.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net