Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

Kimler oňa buýsanýar, kimler utanýar: aýdymçy Manižanyň Nýu-Ýork şäherinde bilbordda goýlan suratyna täjikleriň garaýşy

0
ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň esasy bölegi bolan Manhetteniň Taýms-skwerinde, ullakan bilbordda, asly täjigistanly, häzirki zaman rus aýdymçysy Manižanyň milli atlas matadan tikilen döşi açyk eşikli suraty ýerleşdirildi. Bu şekil sosial ulgamlary ulanyjylaryň Täjigistan segmentinde uly seslenme döretdi.


Käbir sosial ulanyjylar aýdymçynyň döşi açyk suratyny ýiti tankytlap, oňa täjik halkynyň ahlagyny hem-de edep-terbiýesini unutmazlygy maslahat berýärler. Manižanyň adyna kemsitmeler we gülkünç degişmeler hem ýagdyrylýar. Muňa garamazdan, beýlekiler meşhur watandaşyna buýsanýandyklaryny ýazdylar.


Täjigistanly žurnalist Odila Nozira Manižanyň suratyny Facebook sahypasynda ýerleşdirip, aşakdan şeýle teswir goýupdyr: "Dünýä atlas matany tanady. Sag bol, Maniža!"


Şahnozaý Badriddin: "Dünýä diňe bir atlas matany däl, eýsem aýdymçynyň özüni, onuň zehinini hem-de täjikleri tanady” diýip ýazdy.


Şeýle-de bolsa, aýdymça hemmeler buýsanyp barmaýar. "Eýsem köýnegi uzynrak tikip, ýalaňaç döşüni örtmek kynmyka?" diýip, sosial ulgamy ulanyjy Ýusuf Ýusufow ýaňsylaýjy belleýär.


Sosial ulgamlaryň işjeň ulanyjysy Zawkibeki Saýidamini Taýms-skwerde goýlan Manižanyň suratynda, buýsanmaga esas ýok diýip hasaplaýar. “Ol özüni täjik hasaplaýar, täjik adyny göterýär, şol bir wagtyň özünde-de, döşüni açýar. Munuň özi buýsanja sebäp däldir, bu utanç hem masgaraçylyk" diýip, Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.


Žurnalist Odila Nozira başgaça pikirde. “Maniža Sangin erkin ynsan. Biziň Manižany ýazgarmaga hakymyz ýok. Onuň nähili geýinýändigini ara alyp maslahatlaşmak – samsyklykdyr. Biziň ýyldyzymyzyň You Tube we “Instagram’da goýulýan wideokliplerine tomaşa edip görüň, ol ýerde onuň geýnişi hasam açyk” diýip, söhbetdeşimiz aýdýar.


Bu aralykda, Maniža kemsidiji teswirlere we ýaňsylaýjy gülkülere jogap edip, 20-nji ýanwarda öz Instagram sahypasynda Bon Jowiniň meşhur "It’s My Life" ("Bu meniň durmuşym") atly wideosyny ýerleşdirdi.


Sosial ulgamlaryň täjik segmentinde täjigistanly ýokary aýdymçynyň geýnişi barada çekişmeler häli-şindi ýüze çykyp durýar. Žurnalist Odila Noziranyň pikirine görä, beýle çekişmeler jemgyýetiň dünýäni kabul edişine, dünýä göz ýetirişine we adamlaryň täzelige çydamlylygyna şaýatlyk edýär.


Maniža Equal (“Deňlik”) atly global Spotify taslamasynyň başynda duran ilkinji rus aýdymçysy boldy. Aýdym-saz pudagynda aýallary goldaýan Equal (“Deňlik”) kampaniýa 2021-nji ýylyň 8-nji martynda, Halkara aýallar güni mynasybetli başlandy hem-de dünýäniň 50 ýurdunda iş alyp barýar. Asly Täjigistandan bolan rus aýdymçysynyň suraty Halkara Equal’yň pleýlistiniň baş sahypasynda ýerleşdirildi hem ol Manižanyň  Now or Never (“Häzir ýa-da hiç haçan”) aýdymy bilen başlanýar.


31 ýaşly Maniža “Ýewrowideniýe - 2021” şowhunynda özüne çekiji çykyşdan soň, dünýä belli boldy: ol ýaryşyň iň gowy on aýdymçysynyň toparyna girdi. Aýdymçy Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň edarasynyň hoşniýetli ilçisidir.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net