Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2022

ABŞ NATO ýaranlaryna goşun iberýär, Baýden 5-nji madda “mukaddes borc” diýýär

0
Birleşen Ştatlar, Ukrain serhediniň golaýynda toplanan rus goşunlary bilen bagly gapma-garşylyklar arasynda, NATO ýaranlaryny güýçlendirmek üçin, Ýewropa müňlerçe esger ibermäge taýynlanýar. Günbatar serhetde goşun toplanmagy çozmagyň öňüsyrasyndaky pursat bolmasyn diýip güman edýär. 


Pentagon şu hepde Polşa, Rumyniýa we Germaniýa 3000 töweregi esger iberjekdigini mälim etdi, bu karar ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putine aýdan sözlerine we  NATO-nyň 5-nji maddasyna laýyklykda, "mukaddes borç" bolup durýar.


"Ol (Putin) näçe uzak agressiw hereket etse, biz  öz NATO ýaranlarymyza we Gündogar Ýewropa özümiziň şonça uzak wagtlap şol ýerde boljakdygymyzy we 5-nji maddanyň mukaddes borçdygyny ynandyryp bileris” diýip, Baýden CNN telekanalyna 2-nji fewralda beren interwýusynda aýtdy. 


NATO-nyň esaslandyryjy şertnamasynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, özara goranyşyň esasy maddasy esasynda, agza ýurtlaryň ählisi özygtyýarlylygy ýa-da territorial bitewiligi howp astyna düşýän başga bir agza kömege ýetişmäge borçly bolup durýar.


Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi ABŞ-dan Polşa we Germaniýa 2000-e golaý söweş goşunynyň iberiljekdigini, häzirki wagtda Germaniýada ýerleşýän 1000 töweregi esgeriň bolsa  Rumyniýa geçiljekdigini aýtdy.


Goşun ýerleşdirilmegi biziň NATO ýaranlaryny goramaga “taýýardygymyzy dünýä ikuçsyz mälim edip biljek yşaratdyr” we goşun hereketleri ABŞ-nyň görjek “öňüni alyş çäreleriniň entek hemmesi” däl diýip, Kirbi aýtdy. 


"Biziň jenap Putine we, dogrusyny aýtsak, dünýä NATO-nyň ABŞ üçin möhümdigi we onuň ýaranlary üçin möhümdigi barada berk yşarat ibermegimiz möhüm" diýip, Kirbi metbugat ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.


Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň Russiýanyň goşun toplamagy sebäpli dörän dartgynlygy gowşatmak üçin dowam etdirilýän diplomatik tagallalara açykdygyny we konfliktiň gutulgysyzdygyna ynanmaýandygyny aýtdy.


Moskwa 2-nji fewralda ABŞ-nyň yglan eden goşun ýerleşdirmelerini "harby dartgynlygy ýokarlandyrýan we syýasy kararlar üçin zerur bolan çägi daraldýan ýykgynçylykly ädimler" hökmünde ýazgaryp çykyş etdi.


Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşkonyň "Interfaks" habar gullugyna aýtmagyna görä, bu ädim "Kiýewdäki häkimiýetleriň hoşuna gelip", Ukrainadaky dartgynlylyk bilen baglanyşykly syýasy karar almak mümkinçiliklerini azaldar.


Diplomatiýa fronty barada aýdylanda, Ak tamyň maglumatyna görä, Baýden we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2-nji fewralda diplomatik tagallalary utgaşdyrmak we, Ukraina goşun sürse, Moskwa garşy ykdysady zarba urmak barada maslahat etdiler. Makron Putin bilen hem ýakyn wagtda gürleşmekçi bolýandygyny aýtdy.


Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz hem, rus lideri 2-nji fewralda britan premýer-ministri Boris Jonson bilen telefonda gürleşenden soň, Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa gitmekçi bolýandygyny aýtdy. Emma Şolz 2-nji fewralda ZDF jemgyýetçilik teleýaýlymyna beren interwýusynda Moskwa etjek saparynyň anyk senesini görkezmedi.


Şu aralykda, NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenbergiň sözlerine görä, Moskwa soňky günlerde Belarusa 30,000 töweregi söweş esgerini we häzirki zaman ýaraglaryny iberdi. Bu Sowuk uruş gutaraly bäri goňşy ýurtda ýerleşdirilen iň köp rus goşuny bolup durýar.


Stoltenberg 3-nji fewralda Brýusselde žurnalistler bilen eden söhbetdeşliginde Russiýanyň Belarusa iberen güýçleriniň arasynda Speznazyň ýörite operasiýa güýçleriniň, SU-35 söweş uçarlarynyň, goşa ukyply Iskander raketalarynyň we S-400 howa gorag ulgamlarynyň hem bardygyny aýtdy.


NATO-nyň başlygy Russiýany ýagdaýy "gowşatmak" üçin çäre görmäge çagyrdy we "Russiýanyň mundan beýläkki agressiýasynyň agyr netijelere getirjekdigini we uly zyýan çekdirjekdigini" ýatlatdy.

 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net