Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2022
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29
30
31

Türkiýede türkmen raýatynyň ölümi bilen bagly derňew dowam edýär

0
Türkiýäniň Tekirdag şäherinde ýerde hereketsiz ýatan wagty tapylan türkmenistanly raýat, ähli saglyk bejergilerine garamazdan, hassahanada aradan çykdy. Türk polisiýasy bu waka bilen bagly merhum Allanur Italmazowyň dostlaryny we ony getiren taksi sürüjisini tussag etdi. Bu barada türk media serişdeleri habar berýär.


"Sondakika.com" neşiriniň 14-nji ýanwarda çap eden habaryna görä, waka Tekirdagyň Malkara etrabynyň Metin Ilgün köçesinde boldy. Etrapçanyň ýaşaýjylary Italmazowyň dostlarynyň ýaşaýan kwartirasynyň girelgesinde hereketsiz ýatandygyny görýärler we bu barada tiz kömek gullugyna habar berýärler.




"Wakanyň bolan ýerine gelen saglyk işgärleri ýerde ýatan 31 ýaşly Allanur Italmazowa ýürek owkalamasy, ýagny massažyny etdiler. Şondan soňra ýüregi gaýtadan urup başlan Italmazow tiz kömek ulagy bilen "Malkara" döwlet hassahanasyna alnyp gidildi. Ähli saglyk bejergilerine garamazdan, Italmazow hassahanada aradan çykdy" diýlip, habarda bellenilýär.


Maglumatda ýerli ýaşaýjylara salgylanylyp, takside dostlarynyň ýaşaýan jaýynyň ýanyna gelen Italmazowyň gapynyň girelgesinde huşuny ýitirip, sowuk betonyň üstünde birnäçe sagatlap hereketsiz ýatandygy hem aýdylýar.


"Italmazowy şol ýagdaýda gören dostlary wakanyň bolan ýerinden gitmek islediler. Ýöne 155 topary, ýagny polisiýa işgärleri olaryň wakanyň bolan ýerinden gitmegine rugsat bermedi" diýlip, habarda nygtalýar.


Habarda türk häkimiýetlerine salgylanylyp, Italmazowyň dem alyş ýollaryndaky ýetmezçilik sebäpli aradan çykandygy aýdylýar. Neşir taksi sürüjisiniň we Italmazowyň dostlarynyň tussag edilendigini belläp, waka bilen bagly derňewiň dowam edýändigini hem aýtdy.


Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar we işsizlik, munuň bilen bir wagtda azyk gytçylygy we gymmatçylygy ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş gözläp, daşary ýurtlara, barmak üçin wiza talaby bolmansoň, Türkiýä çykmagyna sebäp boldy.




Türkiýäniň Migrasiýa boýunça baş müdirliginiň 25-nji noýabrda çap eden hasabatynda ýurtda kanuny ýaşaýyş rugsady bilen 117 müň 905 türkmenistanlynyň ýaşaýandygy habar berildi.


Ýöne synçylar Türkiýede kanuny ýa-da bikanun esasda ýaşaýan türkmenistanlylaryň hakyky sanynyň ýüzlerçe müňden geçýändigini aýdýarlar.


Munuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda türk metbugatynda türkmenistanlylar bilen bagly dürli habarlar yzygiderli peýda bolýar. Türkmenistanyň döwlet mediasy Türkiýedäki türkmenistanlylaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle-de olar barada türk metbugatynda çykýan maglumatlar hakda habar bermeýär.


Soňky döwürde daşary döwletlerdäki türkmenistanlylaryň, dowam edýän pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, ýurtlaryna hem dolanyp bilmän, işlerini ýitirip, has agyr ýagdaýlara düşýändigi we Türkmenistanyň ilçihanalaryndan kömek ýa goldaw alyp bilmeýändigi habar berilýär.


Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we türkmen DIM-i Azatlygyň zähmet migrantlary baradaky habarlaryna reaksiýa bildirmeýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net