KHŞG ýurtlarynyň goranmak ministrleri Gazagystandan goşun çykarmak kararyna gol çekdi
"Goranmak ministrliginiň baştutanlary KHŞG-nyň goranmak ministrleriniň Geňeşiniň bilelikdäki kararyna, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň agza döwletleriniň Gazagystan Respublikasynyň çäginde ýerleşdirilen goşun bölümleriniň hemişelik ýerleşen nokatlaryna gaýdyp gelmegini guramak barada bilelikdäki karara gol çekdiler" sekretariatda aýtdylar.
"Interfaksyň" Russiýanyň Goranmak ministrligine salgylanypýazmagyna görä, KHŞG-nyň çäkli goşun bölümleriniň hatarynda Gazagystana getirilen rus desantçylarynyň ilkinji bölümleri ýurtdan çykyp başlandy. Dört sany Il-76 harby transport uçary rus harby bölümlerini Almatydan Iwanowo sebitindäki hemişelik nokadyna getirýär diýip, habarda aýdylýar.
Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň sözlerine görä, KHŞG güýçlerini Gazagystandan çykarmak boýunça 13-nji ýanwarda başlanan işler 19-njy ýanwarda, goşun bölümleriniň öz hemişelik ýerleşýän ýerlerine dolanyp gelmegi bilen tamamlanar. Ol muny Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşygynda mälim etdi.
