Özbegistanda gazak wakalary barada ýazan blogçylary 'hünär söhbetdeşligine' çagyrdylar
Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bilen anonimlik şertinde gürleşen blogçylaryň biri bolsa, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň (DHG) goňşy ýurtda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gadagan edendigini gürrüň berdi.
“Telewizorda işleýän bir dostum bu buýrugyň ýörite gulluklardan gelendigini aýtdy. Mundan başga, Maglumat we köpçülikleýin habar beriş gullugynyň wekilleri hem ýörite gulluklardan şeýle buýrugyň gelendigini boýun aldylar” diýip, blogger sözüniň üstüni ýetirdi.
Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeş bolan andijanly raýatyň sözlerine görä, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň işgärleri we etrap gözegçisi ondan Gazagystanda bolup geçen wakalar baradaky ýazgylary üçin ýazmaça düşündiriş talap etdi.
Sosial ulgamlaryň özbek dilindäki sahypalarynda tanalýan aktiwistleriň ýene birnäçesi ýakynda özlerine näbelli ulanyjylaryň haýbat atandygyny habar berdi.
