Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Октябрь
2021

Samarada 68 özbek raýatynyň zäherlenmeginde aýyplanan adama şertli ýyl kesildi

0
Samara sebitiniň Syzran etrap kazyýeti “Koşelewskiý Posad” kompaniýasynyň däne ammarynyň öňki müdiri Walentina Ýakunina garşy höküm çykardy, ol 40-dan gowrak adamyň geleňsizlik esasynda zäherlenmegine we üç adamyň ölmeginde aýyplandy.


Ýakunina Jenaýat kodeksiniň 109-njy maddasynyň 3-nji bölüminde, seresapsyzlyk bilen ölüme sebäp bolmakda günäkär tapyldy.


Kazyýet oňa iki ýyl synag möhleti bilen üç ýyl şertli tussaglyk hökümini çykardy.


Şeýle-de oňa, ýöriteleşdirilen döwlet edarasyna habar bermezden, hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgetmek gadagan edildi.

Ol günäsini doly boýun aldy.


“Interfaks” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, pidalaryň öwezini dolmak baradaky talaplaryna, olaryň haýyşy boýunça, ýaşaýan ýerlerinde serediler.


Kazyýet işçileriň 2019-njy ýylyň 21-nji martynda “Koşelewskiý Posadyň” däne ammarynyň çäginde kärhananyň baglarynyň çäginde bölekleýin ulanylýan kumarin esasynda, günebakar çigidinden we syçan zäherinden gemrijiler üçin aldawaç edendigini kesgitledi.


Gemrijilere garşy ulanylmaly aldawajyň galan dört haltasy däne ammarynda saklanýar we birnäçe aýdan soň günebakar ýagynyň gaýtadan işlenmegi üçin üçin berilýär.


2019-njy ýylyň tomsunda bu ýag Ulýanowsk sebitinde iki adamy we Samara sebitindäki naharhanada nahar iýen özbegistanly işçileriň 43 sanysyny zäherledi.


Zäherlenen adamlaryň üçüsi heläk boldy.


Bu zäherlenme bilen bagly jemi 69 adam lukmançylyk kömegini almaly boldy.


Zähmet migrantlaryna kömek etmek üçin Özbegistanyň baş toksikology we gematology Russiýa uçup geldi.


Ejir çekenleriň dördüsi Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýörite uçary bilen, bejergi almak üçin, Moskwa äkidildi.

 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net