Türkmen prezidenti ogly bilen Pakistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, habarda bellenýär.
Pakistan mediasy Kureşiniň türkmen prezidenti bilen TOPH, 2 müň çemesi täze iş ornuny döretjek taslamany durmuşa geçirmek barada maslahat edendigini habar berýär.
Şeýle-de ol, Owganystandaky ýagdaý barada gürrüň edip, Pakistanyň goňşy ýurtlary parahatçylyk ýollaryny tapmak üçin bilelikde tagalla etmäge çagyrýandygyny nygtady.
“Islendik durnuksyzlyk Pakistana we beýleki goňşulara ýaramaz täsir eder” diýip, ol Owganystanyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmak üçin goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny çagyrmak pikiriniň edilýändigini hem sözüne goşdy.
