Gaitide ýertitremeden ölenleriň sany 1300-e ýetdi
Gaitiniň raýat goragy gullugy 1 297 adamyň ölendigini tassyklady, bu san ozalkysyndan iki esse köp.
Şeýle-de, ýaralananlaryň sany hem täzelendi we 5700-den gowrak adam ýetdi, Gaitiniň hassahanalary näsaglardan doldy. Bu ýagdaý häkimiýetleriň 16-njy awgustda garaşylýan tropiki tupan başlamazdan ozal iň agyr zyýan çeken ýerlere goşmaça lukmanlary ibermäge itergi berdi.
Zyýanyň derejesi has aýdyň boldy. Raýat goragy gullugy 15-nji awgustda 700-den gowrak ýykylan binanyň bardygyny, azyndan 3 778 öýüň weýran bolandygyny we ýollara hem beýleki infrastruktura uly zeper ýetendigini aýtdy.
Dominikan respublikasy we Meksika ýaly ýakyn ýurtlar Gaitiniň howa we guryýer serhedinden azyk we derman ibermäge howlukdylar.
Kolumbiýa gözleg we halas ediş işgäri üçin ýardam iberdi.
Halkara Ösüş Gullugynyň (IDUSAID) dolandyryjysy Samanta Pauer, ABŞ-nyň azyk we ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen 65 adamlyk şäher gözleg-halas ediş toparyny iberendigini aýtdy.
