Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2021

Maryda "Aşgabada hasabat bermek" üçin COVID-a garşy waksinanyň ikinji dozasy wagtyndan öň edilýär

0
Mary welaýatynyň birnäçe Saglyk öýünde raýatlara COVID-19-a garşy waksinanyň ikinji dozasy wagtyndan öň edilýär. Lukmanlar munuň sebäplerini welaýat ýolbaşçylarynyň sebitde raýatlara waksina etmek işleriniň güýçli depginde amal edilýändigi barada Aşgabada hasabat bermek tagallalarynyň bir bölegi diýip düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan maglumat berýär.


Habarçymyzyň sözlerine görä, adatça ilata waksinanyň ikinji dozasy birinji dozadan 21 gün soň edilýär. Ýöne soňky günlerde Mary şäheriniň 1-nji Saglyk öýi we başga-da käbir etrap Saglyk öýleri raýatlara waksinanyň ikinji dozasyny 15-17 gün soň edip başladylar.


Saglyk öýleriniň işgärleri munuň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan saglyk işgärleriniň aýtmagyna görä, bu, ýolbaşçylaryň waksina etmek işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny görkezmek tagallarynyň bir bölegidir.




"Resminamalary dolduryp, näçe ir dynsak, şonça gowy. Sebäbi ýolbaşçylar waksina etmek işleriniň doly ýerine ýetirilendigi barada Aşgabada çalt hasabat bermäge synanyşýarlar. Şol sebäpli olar bizi hem gyssaýarlar. Biziň ýolbaşçylarymyz kagyz işlerini adam saglygyndan hem möhüm hasaplaýarlar" diýip, saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.


Şol bir wagtda, habarçymyz lukmanlaryň ençemesiniň waksinanyň ikinji dozasyny wagtyndan öň almazlyk barada duýdurýandygyny hem belledi.


Ýurtda koronawirusyň hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri geçen aýyň başynda koronawirusa garşy waksinany hökmany diýip yglan etdi. Şeýlelik bilen Türkmenistan dünýäde öz ilatyny COVID-19 sanjymyny urdurmaga mejbur edýän az sanly ýurtlaryň birine öwrüldi.


Ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelýändigi baradaky maglumatlaryň arasynda kabul edilen bu kararyň yzysüre, ilata waksina etmek işleri güýçlendirildi.


Geçen hepdäniň ahyrynda Lebapdaky habarçymyz koronawirusa garşy waksina etdirmekden ýüz öwren raýatlara 113 manat pul jerimesiniň salnyp, 300 manat möçberinde sanjym bahasynyň töledilýändigini habar berdi. Şeýle-de, ol waksina etdirmedik pensionerleriň pensiýa haklarynyň berilmeýändigini hem belledi.


Bu aralykda, Marydaky habarçymyz koronawirusa garşy waksinanyň ikinji dozasyny wagtyndan öň alan raýatlaryň saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygy baradaky maglumatlary hem barha köp eşitse bolýandygyny aýdýar.


"Esasan-da ýaşy 50-den aşan raýatlaryň ýüregi çalt urup, başy aýlanýar, ysgyndan gaçýar we ýerinden turup bilmän ýatýar" diýip, saglyk işgäri aýtdy.




Şol bir wagtda, habarçymyz soňky döwürde saglygy ýaramazlaşýan köp raýatlaryň hassahanalarda bejergi alyp bilmeýändigini, munuň iki sebäbiniň bardygyny aýdýar.


Birinjiden, soňky döwürde koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň köpelendigi sebäpli hassahanalarda bejergi almak isleýän näsaglar aşa köp. Ikinjiden, hassahanalarda bejergi almak isleýän raýatlar medisina töleglerinden başga-da, lukmanlara we şepagat uýalaryna "el aklyk" diýilýän bikanun tölegleri tölemeli bolýarlar.


Habarçymyz ykdysady kynçylyklar sebäpli güzeran eklenji barha ýaramazlaşýan ýönekeý raýatlaryň aglabasynyň bu tölegleri tölemäge maddy mümkinçiliginiň ýokdugyny aýdýar.


"Döwlet saglyk ätiýaçlandyryş pasporty hassahana çykdajylarynyň ýarysyna golaýyny töleýär. Şeýle-de, lukmanlar ilki bilen "hassahanada ýatmaga güýjüň ýetýärmi?" diýip soraýarlar. Hassahana ýerleşeniňden soň, ilki bilen "hassa kagyzy" açylýar. Şol ýerden başlap, hassa barlagdan geçende, lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň her birine "el aklyk" bermeli. Lukmanlaryň her birine ortaça 100 manat bermeli" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Merjen diýlip tutulmagyny soran ýagdaýdan habarly maryly ýaşaýjy aýtdy.


Onuň sözlerine görä, bir şepagat uýasy aýlygyndan daşgary, her gün 100-200 manat aralygyndaky puly "el aklyk" diýip, näsaglardan alýar.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýatynyň Saglyk müdirliginden we 1-nji Saglyk öýünden goşmaça maglumat alyp bilmedi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net