Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Август
2021

Marynyň polisiýasy dilegçileri "satyjy ýaly görkezip", ýaşyrmaga synanyşýar

0
Türkmenistanda zir-zibil taşlanýan çelekleri dörýänleriň, köçelerde we bazarlarda dilegçilik edýänleriň görlüp-eşidilmedik derejede köpelendigi baradaky habarlaryň arasynda, Mary welaýatynyň häkimiýetleri bu raýatlara garşy göreşi güýçlendirdiler. Ýerli polisiýa dilegçilik edýänlere garşy reýd geçirip, olar bilen "düşündiriş işlerini" geçirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitdäki ýagdaýlar we ýerli polisiýanyň käbir göreş usullary barada habar berýär.


3-nji awgustda Mary şäheriniň polisiýasy köçelere, bazarlara we dükanlaryň töweregine reýdleri geçirdi.


Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, polisiýa işgärleri dilegçilik edýän adamlary, aýallary we çagalary saklap, polisiýa bölümlerine alyp gitdiler. Dilegçilik edýän çagalaryň ene-atasy hem polisiýa çagyryldy.




Bu ýere eltilen birnäçe adamyň we polisiýa işgäriniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, dilegçilik edýändigi üçin polisiýa bölümine alnyp barlan raýatlar bilen ýygnak geçirildi. Ýygnakda olardan näme sebäpden dilegçilik edýändigi soraldy.


"Adamlaryň her biriniň özüne ýeterlik sebäpleri bardy. Olar "çagalary eklemeli, olaryň okuwyna geýim we okuw esbaplaryny almaly, çörek almaly we siziň ýagdaýyňyz gowudyr, sebäbi işiňiz bar" diýdiler" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Agageldi diýlip tutulmagyny soran ýerli polisiýa işgäri habarçymyza gürrüň berdi.


Soňky dört ýyl bäri Türkmenistanyň ilaty agyr ykdysady krizis, işsizlik, azyk ýetmezçiligi we gymmatçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýurtda güzeran eklenji barha kynlaşýan maşgalalar, öýlere aýlanyp ýa-da bazarlarda dilegçilik edýän, zir-zibil çeleklerini dörýän adamlar köpelýär. Bu barada Azatlyk yzygiderli habar berýär.


Habarçymyzyň maglumatyna görä, Marynyň polisiýasy dilegçilik edýän adamlara "olaryň ýagdaýlaryna düşünýändiklerini" aýdyp, çagalary dilegçilik etmäne çykarmazlygy tabşyrdy.


Şeýle-de, olar özleriniň "arkalaşyp hereket etmelidiklerini" aýtdylar. Olar bu meseläniň çözgüdi hökmünde adamlara dilegçilik etmäne çykanlarynda öz ýanlary bilen ýere ýazar ýaly bir ýaglyk we onuň üstünde goýar ýaly 2-3 sany oýunjak alyp çykmagy teklip edýärler.


"Olar bize hamala satyjy ýaly bolup oturmagy tabşyrdylar. Şonda özleriniň bize azar bermejekdiklerini aýtdylar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Bagty diýlip tutulmagyny soran, dilegçilik edýän maryly ýaşaýjylaryň biri aýtdy.




Ýöne onuň sözlerine görä, dilegçilik edýän adamlar satyjy ýaly bolup otursalar, onda "ýaşaýjylar özlerini hakykatdan-da satyjydyr öýdüp, duşlaryndan geçip giderler" diýip alada edýärler.


Şeýle-de, polisiýa işgärleri dilegçilikde saklanan adamlara çem gelen ýerde däl-de, bazarlarda, toý mekanlarynyň we dükanlaryň golaýynda oturmagy hem tabşyrdylar.


"Häzir size diňe bazarlarda oturyň diýsek, siziň sanyňyz gaty köp. Biz her gün onlarça adamy getirip, söhbetdeşlik, düşündiriş işlerini geçirýäris" diýip, Bagty polisiýa işgäriniň sözlerini sitirledi.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary şäher polisiýasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.


Bellesek, Marynyň polisiýasy zibil dörýänlere, köçelerde we bazarlarda dilegçilik edýänlere garşy reýdleri şu ýylyň martynda hem geçiripdi.


Şonda polisiýa zibil gaplarynyň golaýynda tutulanlara, indiki gezek galyndylaryň taşlanýan ýerlerine baranlarynda "jemagat gulluklarynyň işgärleriniň eşiklerini geýmegi" we zibil dörmek üçin jemagat işgärleriniň eşiklerini satyn almagy teklip edip, meseläni çözmäge synanyşypdy.


Türkmen hökümeti ýurtda sosial-ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýär. Ýöne habarçylarymyz ýurtda ýitileşýän ykdysady krizisiň arasynda sosial problemalaryň barha ýitileşýändigini, dilegçileriň we zibil dörýänleriň köpelmegi bilen bir hatarda, ogurlyk, talaňçylyk ýaly jenaýatlaryň hem görnetin artýandygyny habar berýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net