Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2021

Täjik-gyrgyz serhedinde täjik serhetçisi ýaralandy

0
 Täjigistan-gyrgyz serhediniň jedelli bölegine ýakyn sebitde bolup geçen soňky zorlukda täjik serhetçisi ýaralandy.


Täjigistanyň Çorkuh etrabynyň resmileri 19 ýaşly Şuhrat Gurbonowyň 24-nji iýulda irden atyşykdan soň ok ýaralary bilen keselhana ýerleşdirilendigini Azatlyk Radiosyna aýtdy.


Resmileriň sözlerine görä, Täjigistanyň etraplarynyň ýaşaýjylary Gyrgyzystanyň kesgitlenmedik hasaplaýan serhediniň golaýyny arassalap başlandan soň dartgynlylyk güýçlenipdir. 




Gyrgyzystanyň obasynyň ýaşaýjylary we ýerli häkimiýetleriniň wekilleri täjikler bilen ýüzbe-ýüz bolansoň, sebiti arassalamak işleriniň kanunydygyna şübhelenip, taraplar biri-birine daş atyp başladylar. Garşylyk hasam güýçlenip, iki Merkezi Aziýa döwletiniň serhetçileriniň arasynda atyşyga öwrüldi. 


Gyrgyzystanyň Batken sebitiniň resmileri atyşygyň 24-nji iýulda ýerli gyrgyz we täjik obalarynyň ýaşaýjylarynyň Täjigistanyň sebiti arassalamak boýunça alyp barýan işleri sebäpli dörän çaknyşykdan soň başlandygyny tassykladylar.


Iki tarap hem hepdäniň ahyrynda Täjigistan bilen Gyrgyzystanyň resmileriniň arasynda ýagdaý bilen baglanyşykly gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy.


Bu waka Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň bir adamy öldürmeginden we öňki sowet respublikalarynyň arasyndaky şuňa meňzeş çaknyşykda başga bir adamyň ýaralanmagyndan üç hepde geçmänkä bolup geçdi.


Uzynlygy 970 kilometre barabar bolan Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň ýarysyna golaýy kesgitlenmedi we bu iki ýurduň garaşsyzlygyny yglan edeli bäri dartgynlylyga sebäp boldy.


Aprel aýynyň ahyrynda gyrgyz-täjik serhediniň başga bir jedelli böleginde harby wekilleriň arasynda bolan çaknyşyk iki tarapda-da onlarça adamyň ölmegine sebäp boldy.


1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, Merkezi Aziýanyň köp serhetýaka sebitleri jedelli bolmagynda galdy.


Aýratynam Täjigistan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen serhetleriň birleşýän ýeri bolan durnuksyz Fergana jülgesindäki köp sanly eksklawyň golaýyndaky ýagdaý çylşyrymly galýar. 




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net