ABŞ-nyň ilçisi şu hepde Moskwa dolanar
16-njy iýunda Ženewada prezident Jo Baýdeniň özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen geçiren gepleşiklerinden soň, ilçileriň ýakyn wagtda wezipelerine dolanjakdygy yglan edilipdi.
Russiýanyň ilçisi Anatoliý Antonow Birleşen Ştatlara 20-nji iýunda dolandy. Ol rus mediasyna “deňlik we pragmatik” gatnaşyklary gurmaga ýardam bermek isleýändigini aýtdy.
Antonow martda, haçanda Baýden öz belliklerinde Putiniň “ganhordygy” barada ylalaşýandygyna yşarat etmeginden soňra, yzyna çagyrylypdy.
Baýdeniň ýanwarda häkimiýet başyna geçmeginden bäri, Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklar has-da ýitileşdi. Birleşen Ştatlar Russiýa garşy kiber hüjümler, saýlawlara gatyşmak, oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi we türmä höküm edilmegi bilen ilteşikli sanksiýalary girizdi.
Sulliwan konsultasiýalar üçin aprelde yzyna çagyrylypdy.
